«BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar öz işini tamamlady.

Ýapylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetine diplomatik okuwlaryň ýokary derejede gurnalandygy üçin sag bolsun aýdyp, ýapylyş dabarasynda çykyş edenler bu okuw sapaklarynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy baradaky bilimlerini artdyrman, eýsem ýaş diplomatlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de berkidendigini bellediler.

Onlaýn görnüşinde geçirilen diplomatik okuwlaryň ýapylyş dabarasynda dünýäniň 16 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Ukrainadan, Wengriýadan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Pakistandan, Ermenistandan, Ýaponiýadan we Hytaýdan 30-dan gowrak diplomat ýörite şahadatnamalara mynasyp boldy.