AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 75 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan  «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi.

Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi. 

Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistandaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli gazet-žurnallaryň baş redaktorlary hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdi we bu maslahatyň Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylaryň ählisini şanly sene – BMG-niň güni mynasybetli mähirli gutlady. Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini nygtamak bilen, Ministr özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn esasyny aýratyn belledi. Şeýle hem ol 75 ýylyň dowamynda BMG-niň özboluşly we doly hukukly gurama hökmünde çykyş edýändigini, onuň işiniň bolsa tutuşlygyna halklaryň arasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we özara düşünişmegiň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Ministr Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm sepgitleri dogrusynda gürrüň etdi. Bu ugurda, şu ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip, onuň gatnaşyklaryny netijeli durmuşa geçirmegiň hukuk kadasy bolup çykyş edýändigi beýan edildi. Şonuň bilen bir hatarda, degişli ýyllar üçin BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy bilen baglaşylan ýurt boýunça Maksatnamalar hem aýratyn görkezildi.  

Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we yzygiderli ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen işjeň hereketleri alyp barýar. Şunlukda, üstümizdäki ýylyň dowamynda ýurduň çäginde COVID-19 ýaýramagynyň öňüni almak, pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleriniň ähmiýetli derejede peseldilmegi maksady bilen Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasy we BMG-niň beýleki agentlikleri bilen ysnyşykly işleriň netijesinde döwlet derejesinde degişli meýilnamalar işlenilip düzüldi we tassyklanyldy.

2019-njy ýylyň iýulynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli meýletin syny görkezildi. Döwlet derejesinde ynsanperwer ugurly, söwda, ulag, daşky gurşaw we köpsanly beýleki ulgamlar boýunça halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagy arkaly syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegine hem-de köpugurly ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ileri tutulmagyna gönükdirilen «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplyk» atly Dostluk topary döredildi.    

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň, hususan-da BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik  wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi N.Natswilişwiliniň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohiniň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy N.Drozdyň, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary F.Saprykiniň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky ýolbaşçysy K.Weýgandyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň direktory P.Karwowskanyň çykyşlary diňlendi.

Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň, Onuň Tertipnamasynyň, ýörelgeleriniň we maksatlarynyň aýratyn ähmiýeti barada gürrüň edildi. 1995-nji, edil şonuň ýaly-da 2015-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen BMG gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleri Guramanyň Tertipnamasynda berkidilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagyna degişli maksatlary bilen gabat gelýändir. 

Edil şonuň ýaly-da, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi hakyndaky kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň, oňyn daşary syýasatynyň global ähmiýetiniň aýdyň subutnamasy boldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işjeň öňe sürülýän öňüni alyş diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli guraly hökmünde öňe çykaryldy. Bu ugurda maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ilerletmek arkaly, döwletiň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan «açyk gapylar» syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýändigini belläp geçdiler.  

Halkara derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi. Türkmenistanyň bitaraplygynyň yzygiderli we derwaýys häsiýetini beýan etmek arkaly, onuň sebit howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, özara hormat goýmagyň we raýdaşlygyň esasynda döwletleriň arasynda ýokary ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik syýasatynyň ähmiýeti, onuň ýurduň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyndaky goşandy, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen ýaşlaryna döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri hakynda Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçisi – Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby D.Lomanowyň çykyşy diňledildi.

Soňra Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.