Gruzin alymlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna onlaýn-umumy sapak okadylar
Ynsanperwer ulgamda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny giňeltmek we iki döwletiň ylym-bilim merkezleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin onlaýn-umumy sapaklar tapgyryny gurady.
13-nji oktýabrda Gruziýanyň Söwda-senagat palatasynyň Baş direktory, «Täze ýüpek ýoly» taslamasynda Gruziýanyň Hökümetiniň wekili, Gruziýanyň DIM-niň Lewan Mikeladze adyndaky Diplomatik okuw we barlaglar institutynyň ylmy işgäri, ilçi Dawid Apsiauri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna «Ulag diplomatiýasy» temasyndan umumy sapak okady.
Webinaryň barşynda ulag diplomatiýasynyň ugurlaryna, Beýik Ýüpek ýolunyň siwilizasiýanyň ösüşindäki we Gündogar bilen Günbataryň ozara gatnaşyklaryndaky ähmiýetine, şeýle hem ulag-üstaşyr (ТРАСЕКА, Lapis Lazuli, Hazar deňzi-Gara deňiz we beýlekiler) geçelgeleriň halkara ykdysady goşulyşmadaky mümkinçiligine garaldy. Şu jähtden ulag ulgamynda ählumumy meseleleri çözmekde BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
20-nji oktýabrda wideoaragatnaşygy Tbilisiniň döwlet medisina uniwersiteti (TDMU) bilen Türkmenistanyň M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetini birleşdirdi. Türkmen talyplary üçin COVID-19 keseliniň meseleleri barada guralan onlaýn-umumy sapagy TDMU-nyň ýokanç keseller departamentiniň ýolbaşçysy, medisina ylymlarynyň doktory, professor Elza Waşakidze okady.
Webinaryň dowamynda koronawirus ýokanç keseliniň öňüni almagyň, ony anyklamagyň we bejermegiň wajyp meselelerine garaldy. Elza Waşakidze şeýle hem Gruziýadaky ýagdaý we Hökümetiň COVID-19 keseline garşy göreşde amala aşyrýan çäreleri barada habar berdi.