TÜRKMENISTANYŇ WE GÜNORTA KOREÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, günortakoreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Gunn ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki tapgyryna kanagatlanma bildirdiler. Ýokary derejäki özarahereketleriň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň netijeli gural bolup durýandygy hem-de syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, şol sanda Türkmenistanyň we Koreýanyň arasyndaky köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň oňaýly platformasy bolup çykyş edýändigi bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu ýylyň 28-nji awgustynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasy» taýýarlanyldy, ol ýakyn geljek üçin syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça bilelikdäki işleri kesgitleýändir.

Bu ugurda nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Koreý tehnologiýalarynyň çekilmegi bilen, ykdysadyýetiň nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatynda iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da, yzygiderli geçirilýän Işewürlik-forumlarynyň, şol bir wagtda 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Bilelikdäki Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Çünki bu Geňeş öz nobatynda iki ýurduň söwda we ykdysadyýet ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň köpugurly guraly bolup durýandyr.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde diplomatlar ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen tarapynyň Global “ýaşyl” ösüş institutyna (GGGI) goşulmak hereketi bilen bir hatarda, Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) bilen özarahereketleriň netijeliligini hem aýratyn görkezdiler. Bu babatda 2019-njy ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Sejong Patyşasynyň Institutynyň Gaznasynyň Koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça Okuw merkeziniň üstünlikli hereket edýändigini bellemek zerurdyr.

Sport babatynda gürrüňleri dowam etmek bilen, türkmen tarapy iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, şol sanda hünärmenleriň taýýarlygy boýunça Koreýanyň tejribesiniň öwrenilmegine hem-de koreý tälimçileriniň ýolbaşçylygynda türkmen türgenlerini okatmak meselesi babatynda gyzyklanmasyny beýan etdi.

Häzirki pandemiýa ýagdaýlaryna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallar bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň, koronawirusyň öňüni almak ulgamynda tejribeleriň alyşylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Taraplar bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyny bellemek bilen, Saglygy goraýyş boýunça Türkmen-koreý iş toparynyň ikinji mejlisini ýakyn wagtda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegine ynam bildirdiler.