TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA HYZMATDAŞLAR BILEN BILELIKDÄKI TASLAMALARYŇ WE MAKSATNAMALARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ DEPGININI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler. Şu ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şu resminamanyň esasynda BMG-niň degişli agentlikleri bilen Ýurt boýunça maksatnamalar işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, şeýle-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine goşýan ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi.

Aýratyn ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, şol sanda sanjymlaryň hem-de öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, habarlylygyň üpjün edilmegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, global pandemiýanyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin zerur serişdeleriň we bilermenlik başarnyklarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýäniň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça pikirler alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamyndaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarlylygy ýene-de bir tassyklanyldy.