Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak hakynda degişli Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen köp gatly awtoduralgalary hem-de Oba hojalyk we daşky gurawy goramak ministrligi boýunça guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu sanawlardaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Görülýän toplumlaýyn çärelerde bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak hem-de desgalary hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky” Kararyň taslamasyna gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Kararyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklar berildi.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar düzüminden bolan adamlaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 31-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, harby gullukçylaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy amala aşyrylýar.

2017-nji ýylda “Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda we harby gullukçylary harby gullugy geçýän döwründe ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, harby gullukçylaryň, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibiniň taslamasy täzeden işlenip taýýarlanyldy.

Resminamanyň taslamasy täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde resminamalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemek şertleri has anyk beýan edildi, ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary we ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň möhüm bölegi bolup durýan, aýry-aýry raýatlaryň, guramalaryň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini goraýan ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2020” atly ХХV Halkara maslahaty barada hasabat berdi. Ýöriteleşdirilen forumy milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri guradylar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň geçirilýän ýylynda guralan we energetika ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ösdürilmegine gönükdirilen bu forum ilkinji gezek sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Bu gezekki maslahata dünýäniň 30 döwletinden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy. Munuň özi Türkmenistanyň daşary ýurt işewürler toparlary üçin maýa goýum özüne çekijiliginiň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, önüm çykarylyşyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, azot önümçiligi üçin “Türkmengaz” döwlet konserni ykjam gurnamalar bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi. Halkara tejribesine laýyklykda, şeýle gurnamalar guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak, abatlaýyş-dikeldiş we beýleki ugardaş işleri geçirmek maksady bilen ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň ählumumy energiýa ulgamyna yzygiderli goşulmagyna we pudakda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny belledi.

Ýerine ýetirilen we durmuşa geçirilýän taslamalar, hususan-da, özüniň esasy ähmiýetinden başga-da, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşykary işjeňleşdirmek we giňeltmek üçin açyk meýdança öwrülen paýtagtymyzda guralýan ýöriteleşdirilen maslahatyň wajyp orun eýeleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý energiýa serişdelerini netijeli özleşdirmegiň pudaklaýyn we durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähmiýetlidigini belläp, ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän düzümlerini mundan beýläk-de täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary şeýle hem häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzakmöhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tutuş ilatynyň gatnaşýan bu ägirt uly maksatnamanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz “Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky” Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny kämilleşdirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, oba hojalyk işlerini ýokary derejede we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi hem-de bugdaý ekişini we pagta ýygymyny bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, maldarçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen degişli çäreleri görmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň bökdençsiz önümçiligini ýola goýmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek, şäherde abadanlaşdyryş we onuň binagärlik-şähergurluşyk keşbini gowulandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Ýerli çig mal serişdeleriniň ägirt uly gorlary we olaryň köpdürlüligi gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga we olaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň kesgitlenen möhletde tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ähli gurulýan binalar öz ähmiýetinden daşgary ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydyr we olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen şähergurluşygyň häzirki zaman dünýä tejribesi jemlenmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow öz gezeginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer pudagara toparyň ikinji mejlisiniň geçirilendigini aýdyp, onda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky” Kararynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garalandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Ol özüne bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, “Elektron Hökümeti” ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek wezipelerini birleşdirýär. Şeýle hem onda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň anyk möhletleri bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron Hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bolup geçýän özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryşyň kämil nusgalary peýda bolýar. Biz ýurdumyzyň bu ulgamda döwür bilen deň gadam urmagyna uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary geçirmek ulgamyny, kommunikasiýalar düzümini ösdürmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz häzirki wagtda munuň örän wajyp wezipedigini hem-de ähli işleri talaba laýyk guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işiň netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän dolandyryş ulgamynyň netijeli guraldygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlary tapgyrlaýyn esasda azaltmak hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, oba hojalygy pudagynda zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygy hakyndaky teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklip edilýär.

Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmak bilen täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçiligiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilendigini belledi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önüm öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de täze kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmekde ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullap, halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda halkymyzyň saglygyny goramaga hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny düzümleýin döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda, şypahana hyzmatlaryny guramaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, şypahana düzüminiň täze döwrebap desgalary gurulýar, hereket edýän şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şolarda edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar hem-de görnüşleri giňeldilýär.

Raýatlaryň şypahana edaralarynda dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin myndan beýläk hem has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri raýatlaryň şypahana hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan hem-de saglygyny goramak we keselleriň öňüni almakdan, saglygyny dikeltmekden hem-de berkitmekden, iň öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly şypahana hyzmatynyň ýokary hilini we amatly elýeterliligini üpjün etmekden hem-de ilatymyzyň ömür dowamlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagy ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýerine ýetirip, şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, tebigy bejeriş şertlerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga, ýurdumyzda we halkara bazarynda şypahana hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak babatda şypahana ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Diýarymyzyň amatly howa hem-de dürli tebigy şertleri bu ugurda uly kuwwata eýe bolan Türkmenistany halkara derejesindäki şypahana merkezine öwürmäge mümkinçilik berýär.

Ilata edilýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň öňden bäri işläp gelýän şypahanalarynyň durky täzelenilýär. Olar özleriniň melhemlik häsiýetleri bilen tutuş dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda olarda dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullary üstünlikli ulanylýar.

Şunuň bilen birlikde, bejeriş hem-de melhemlik mümkinçiliklerine eýe bolan täze şypahanalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahana bar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi hem-de sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde, gysga döwrüň içinde Bitarap Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sebit, yklym we dünýä derejesindäki iri sport bäsleşikleriniň 16-sy geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça, şol sanda ugurdaş hukuk binýadyny giňeltmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugur boýunça köptaraply resminamalaryň ikisine gatnaşýar, olaryň biri Olimpiýa nyşanyny goramak baradaky Naýroby şertnamasydyr, beýlekisi bolsa Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan 19 döwlet bilen sport babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.

Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksada laýyk hasaplanylýar. Şu güne çenli ýurdumyz şeýle düzümleriň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara sport medisina federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça işlere girişmek teklip edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny guramak we döwletimiziň şunuň ýaly döwlet we sebit derejesinde geçirilýän forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII Halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa Komitetiniň sessiýasyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.

Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem ýurdumyz bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de yzygiderli ösdürýändigini hem sport ulgamyndaky gatnaşyklary höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde, Diýarymyzda ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän, halkara derejesindäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän döwrebap düzüm döredildi. Bu ugurda Türkmenistan baý tejribe toplady. Aşgabatda geçirilen we uly üstünliklere beslenen Aziada-2017 munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde sport hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar, sport halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň möhüm bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen “Küştdepdi” türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu çäre Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçirilýär. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklarynyň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde halkymyzyň baý milli taryhy-medeni mirasyny we onuň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp küştdepdini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gözbaşyny gojaman taryhdan alyp gaýdýan bu aýdym-tans sungatynyň türkmen halkynyň däp-dessurlary, ruhy tejribesi we häzirki zaman döredijilik mümkinçilikleri bilen bir bitewi sazlaşygy döredýändigini belledi. Milli Liderimiz Küştdepdiniň we beýleki milli gymmatlyklaryň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de baýlaşmagyna gönükdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wajyp wezipelerini nazara almak arkaly alnyp barylýar.

Mejlisiň 24-nji oktýabrda geçirilen 12-nji maslahatynda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetine we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň işjeňleşdirilmegine, jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna hukuk taýdan goldaw berilmegine, dürli ugurlarda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi.

Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleri Adalat ministrligi we beýleki düzümler bilen bilelikde giňden düşündirmek maksady bilen duşuşyklar hem-de maslahatlar guralýar. Mejlisiň deputatlary iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde oktýabr aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem deputatlar BMG-niň Ilat gaznasynyň we Çagalar gaznasynyň wekilhanalary, BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen bilelikde Türkmenistanda gender deňeçerligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga, ilatyň durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahatlara gatnaşdylar.

Milli Liderimiz kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki döwürde okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň wajypdygyny aýdyp, bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belledi.

Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy we demokratik-hukuk döwletiň ösüş ýolunda ýeten derejesi bilen tanyşdyrmak zerurdyr. Milli Liderimiz gender deňeçerligi babatda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek meselelerini wajyp wezipe hökmünde kesgitledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.