BITARAPLYGA BAGYŞLANAN SAÝTA “TÜRKMEN SÄHRA – 2020” ATLY TÄZE BÖLÜM GIRIZILDI

Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra - 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy.  

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi. 

Bu maglumat çeşmesi Türkmenistanyň awtomobil ulagy ulgamynda ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirýän foto- we wideomateriallaryň giň toplumyny 3D formatynda beýan edýär.   

Ulanyjylara Türkmenistanyň ulag syýasaty barada has köp peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik bermek bilen, saýta maglumatlar yzygiderli goşular.

Şunuň bilen baglylykda, bu saýtyň açylmagynyň ýurdumyzyň wirtual maglumat ulgamyna integrirlenmegi üçin ýene bir ädimi bolandygyny bellemek gerek.