TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SUW HOJALYK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem Ministr Şawkat Hamraýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň Suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar suw babatda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň suw hojalyk düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda iki tarapa ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada, suw diplomatiýasyny netijeli peýdalanmak üçin oňyn şertleri döretmek boýunça teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda türkmen tarapy Aral deňziniň hem-de Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleriniň çözülmegine öz garaýyşlaryny tassyklady. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-biregiň garaýyşlaryna özara hormat goýmagynyň hem-de olaryň kanuny bähbitleriniň hasaba alynmagynyň zerurlygyna üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirýän suw hojalyk meseleleriň ählisi boýunça gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, hususan-da Amyderýa sebitiniň suwlulyk ýagdaýy, 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinleriň suwarylmagy, Amyderýanyň orta we aşaky akymlarynda suwyň ulanylşy bilen bagly gelejekde geçirilmeli ikitaraplaýyn sazlaşykly işler barada gepleşdiler. Bulardan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini tygşytly ulanmakda, döwrüň talap edýän häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky meselelerine hem seredip geçdiler.