DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi we bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

31-nji oktýabrda bu Pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlary, 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan daşky gurşawy goramak boýunça halkara Konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi baradaky meselelere seredildi. Bu toparyň çäklerinde iş toparlaryny döretmek barada gürrüň edildi.

Mejlise gatnaşyjylar Aral deňziniň tebigata, howa, adam saglygyna zyýanly täsir edýän meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler. Aral deňzi basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy hakynda aýdylanda, gatnaşyjylar biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada rezolýusiýalarynyň wajyplygy barada bellediler. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan geljekki Aral boýunça Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň we gurluşynyň deslapky taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär.