«CASE NEW HOLLAND» AMERIKAN KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda «Case New Holland» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça işewürligiň ösdürilmegi boýunça direktory Stýuart Kempbel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de bu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ileri tutulýan ugurlary babatynda pikir alyşdylar.

Oba hojalyk ulgamynyň sazlaşykly ösüşi Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň durmuş-ykdysady taýdan öňe gitmegi üçin maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda köp derejeli özgertmeler, mehanizasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça degişli işleri alnyp barylýar.

Kompaniýa tehnikalaryň iň täze görnüşleri, hususan-da traktorlar, bugdaý we pagta ýygnaýan kombaýnlar hem-de beýleki tehnikalar bilen üpjün etmek arkaly, ýurduň oba hojalygynyň tehniki kuwwatynyň ösdürilmegine we berkidilmegine ähmiýetli goşant goşýar. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň toprak we howa şertleri üçin ýörite niýetlenen «Case» oba hojalyk tehnikalaryny almak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy ýurduň oba hojalygynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmelere we döwrebaplaşdyrmalara yzygiderli ygrarlydygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdi.