Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer hasabatyny edermen pagtaçylaryň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.

Şu günler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, gowaçanyň galan hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işler dowam etdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 104,2 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137 göterim ýerine ýetirildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň merdana «ak altyn» ussatlaryny hem-de ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, ekologiýa meseleleriniň hemişe biziň daşary we içeri syýasatymyzyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyz şeýle meseleler bilen bagly köp sanly başlangyçlary öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 7-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýagny bag ekmek boýunça ekologiýa çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm wezipeler barada aýdyp, geljek ýyl gowy hasyl almak üçin, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz suwdan peýdalanmak meselesine aýratyn üns bermegi, Garagum sährasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan ekologiýa taslamalaryny tizräk durmuşa geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilaty gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek, täze ýyladyşhanalary gurmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýunyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere Oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk işgärlerine mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi.

On aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.

Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam etmelidigini belläp, hususylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini düýpli seljermegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bellenen meýilnamalary gysga möhletde ýerine ýetirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden işjeň peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýerleriň ählisi bilen bilelikde, 2021-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy ýerine ýetirilmeli işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu Maksatnama ygtybarly maýa goýumlaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, resminamany ýakyn wagtda işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bir aýyň dowamynda 2020–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimize nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, gözegçilik edýän ulgamlarynda on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen on aýda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnamanyň 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,4 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 106,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnamanyň 100,1 göterim, “mawy ýyngyjy” eksport etmek boýunça meýilnamanyň 100,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnamanyň 106,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportuny artdyrmalydygyny, zawodlaryň kuwwatlyklarynyň doly ulanylmalydygyny, nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze desgalary gurmaga degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýyny giňişleýin seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe olar önümçilik meýilnamasyny 118,4 göterim ýerine ýetirdiler.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ösüş 101,8 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça --112,6 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça--112,9 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem hasabat döwründe degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde 111,6 göterime we 100,6 göterime deň boldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudaklarynyň biridigini, ösüşlerimiziň bu ulgamyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi.

Ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi, şunda syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde netijeli dolandyryş ulgamyny döretmek esasy wezipe bolup durýar. Şeýle ulgam ykdysadyýetimiziň hem-de häzirki zaman jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrmak hem-de onuň üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 116,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 122,1 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 109,8 göterim ýerine ýetirilip, 108,2 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104 göterim berjaý edildi, ösüş 107,8 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 132,6 göterime deň bolup, meýilnama 118,7 göterim ýerine ýetirildi.

Garalýan döwürde elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 106,1 göterim ýerine ýetirilip, 118,8 göterim ösüş gazanyldy.

Şu ýylyň on aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 131,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 156,5 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 114 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk toplumynda özgertmeleri gysga wagtda amala aşyrmagy, bu ugurdan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, toplumyň kärhanalarynyň ýagdaýyny seljermek işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklipleri bermek ýa-da hususylaşdyrmak barada aýratyn görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze iş orunlaryny döretmek, sanly ulgama geçmek, gurluşyk serişdelerini öndürmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow on aýda gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterime barabar bolup, önüm öndürmek boýunça 107 göterim ösüş gazanyldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary degişlilikde, 104 göterime we 101,2 göterime, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117,4 göterime, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23 müň 62 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 107,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde sergileriň 5-si hem-de wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine, şunuň bilen baglylykda, bazarlarymyzyň we dükanlarymyzyň, aýratyn hem baýramçylyk günleri dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň günüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyryp, olara geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy oba hojalyk firmalarynyň işlerini işjeňleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Biziň harytlarymyzyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň, şol harytlary daşary ýurtlarda mahabatlandyrmagyň üstünde hem köpräk işlemeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirip we aýry-aýry pudaklary ösdürmek meselelerini çözüp bilýän iri tehnologik kompaniýalarynyň we firmalaryň döredilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreleriň guralandygy, dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigi bellenildi. Wideoaragatnaşyk arkaly halkara ähmiýetli çäreler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly birnäçe resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olara wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça önümçilik meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz milli telewideniýäniň işine ünsi çekip, teleýaýlymlary maglumat žurnalistikasynyň iň täze nusgalary bilen üpjün etmegiň, gepleşikleri bermegiň hilini gowulandyrmagyň hem-de tomaşaçylary gyzyklandyryp biljek täze gepleşikleri hem-de şüweleňleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz tutuş dünýäde türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, şanly taryhyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmäge we geçirmäge, teleradioýaýlymlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň uly ähmiýetini tutuş dünýäde wagyz edýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän çuň many-mazmunly gepleşikleri, teatrlarda täze sahna oýunlaryny döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesine hem-de Täze ýyl baýramçylygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, ähli welaýat merkezlerinde, obalarda, şäherlerde baýramçylyk dabaralaryny hem-de konsertleri geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere hem-de häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap enjamlary satyn almak hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem-de daşary ýurt dillerini okatmak boýunça işler dowam etdirildi. Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 133 görnüşi neşir edildi.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda mekdep okuwçylary we talyplary halkara internet-ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki medallaryň hem-de diplomlaryň ençemesiniň eýeleri boldular.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işler seljerildi. Golýazmalaryň 891-sine seredilip, şolaryň 869-sy makullanyldy, oýlap tapyşyň bäşisine patent alyndy, innowasiýa tehnologiýalarynyň 4-si önümçilige ornaşdyryldy.

“Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi.

Ylymlar güni mynasybetli onlaýn görnüşinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan işler baradaky hasabata geçip, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilendigini habar berdi.

Türkmen hünärmenleri halkara ýaryşlarynda çykyş etmek maksady bilen, türgenleşmek işlerini dowam edýärler. Biziň milli ýygyndy toparymyz 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Olimpiýa şäherjiginde sportuň 7 görnüşi boýunça türgenleşýärler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli sportuň awtomobil görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 65-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak Maksatnamasyna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy- usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu pudaklaryň öňünde üstünde tutanýerlilik bilen işlemeli köp meseleleriň durandygyny belläp, wise-premýere bu möhüm ulgamlaryň desgalarynyň gurluşygynyň barşyna hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem ylmy edaralary sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän ähli çäreleri güýçlendirmegiň, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekleplerinde okuw işleriniň alnyp barlyşynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde başlanan uly özgertmeleriň--sanly ulgama geçilmeginiň, senagatlaşdyrmagyň, elektron senagatynyň, telekeçiligiň esaslarynyň halkara ölçeglerine laýyklykda, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň hemmetaraplaýyn taýýarlykly bolmagyny talap edýändigini belledi hem-de bu wajyp ugurdaky işleri güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň bolandygy hem-de 17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara wideoýazgy arkaly ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary hem-de birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 40-sy geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 86-sy daşary ýurtlara iberildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 816-sy geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 92-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýanwar-oktýabr aýlarynda degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanan maslahatlara we beýleki çärelere ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýy göz öňünde tutup, geljek ýylyň halkara çäreleriniň, saparlaryň, geçiriljek halkara maslahatlarynyňdyr duşuşyklarynyň meýilnamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtap, bu meseleleriň ählisine şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny belledi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisde ýurdumyzyň kanun çykaryjy işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, demokratik kadalary ösdürmäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hasabat döwründe milli parlamentiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, şolarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 38-si kabul edildi.

Bu resminamalar syýasy ulgamy hem-de döwletimiziň konstitusion esaslaryny kämilleşdirmäge, dürli ugurlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady syýasaty amala aşyrmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, daşky gurşawy goramaga hem-de beýleki ulgamlara gönükdirilendir.

Mejlisiň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, iş toparlarynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, hereket edýän kanunlara seljerme işleri yzygiderli geçirilýär. Kabul edilýän kanunlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, okuw-mekdeplerinde Halk Maslahatynyň kararlarynyň ähmiýeti, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerine, maslahatlara gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň käbir kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň “Hususylaşdyrmak hakyndaky” Kanunyny muňa mysal getirdi. Milli Liderimiz hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmelidigini, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň şu we beýleki ugurlaryny kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň özygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmeginiň hem-de eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmäge we geçirmäge, ýaş nesli terbiýelemek işine, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde jemgyýetçilik bilen duşuşyklary dowam etmegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow milli Liderimize göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de şanly senä bagyşlanyp paýtagtymyzda täze gurlan desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde şanly senelere --Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görmek hem-de täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde öňde boljak şanly senelere, hususan-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy hem-de Hasyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle-de, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy çagyrdy. Häkim Hasyl toýuna hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde berkarar Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy hem-de däbe görä, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy hem-de bu waka mynasybetli täze desgalary ulanmaga bermek boýunça geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem Hasyl toýuny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, açylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň rowaçlygyna hem-de azyk bolçulygyny berkitmäge mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşleriniň hormatyna geçirilýän baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on aýynyň jemini jemläp, onuň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny görkezýändigini belledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňküsi ýaly ýokary ösüş depginleri saklanyp galýar. Kesgitlenen tabşyryklaryň çäklerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri artdy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyryldy. Köpsanly önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwür bizden ykdysadyýetiň sazlaşykly işini bozman, onuň ösüşini işjeňleşdirmek hem-de dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanmagyna birýarym aýyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze 2021-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, biz galan wagtyň dowamynda köp meseleleri çözmelidiris.

Munuň üçin Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanan mynasyp raýatlarymyzy döwlet sylaglary, täze ýubileý medaly bilen sylaglamak barada teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.