Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, ABŞ-nyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah hem-de jinsi matasyny, şeýle hem nah ýüplügi, reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 346 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 12 million 986 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini, powidon-ýod erginini we nah ýüplügi satyn aldylar.