TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi, türkmen halkyna iň ýakymly arzuwlaryny aýtdy. Ysraýylyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ilerledilmegine ähmiýetli goşant goşýandygyny belläp geçdi. 

Öz gezeginde, Ilçi T.Kömekow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ysraýyl Döwletiniň Prezidentine mähirli salamyny we ýurduň ähli halkyna iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdi. Çäräniň barşynda taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerledilmegine meýilleri tassyklanyldy.