Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler Mazari-Şerif şäherinde ýaýbaňlandyrylýar
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli görnüşli halkara çäreler yzygider geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Burj Ghazanfar” işewürlik merkeziniň daşky diwaryndaky uly monitorda Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny hem-de ählumumy ösüşlerini şöhlelendirýän wideorolikleriň halk köpçüligine ýetirilip başlanmagydyr.