Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi.
Şu günki şanly waka milli Liderimiziň türkmen halkynyň saglygyny goramaga berýän içgin ünsüniň aýdyň subutnamasydyr, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.Muňa soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri hem şaýatlyk edýär. Şeýle desgalar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alysda ýerleşýän obalarynda hem guruldy we häzirki wagtda gurulýar, munuň özi halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyna elýeterliligini üpjün etdi.
Saglygy goramagyň milli ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de okgunly ösdürilmegi berkarar Watanymyzyň has uly ähmiýetli gazanan sepgitleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýşyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maşgala lukmanlary ulgamynyň ösdürilmegi, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, keselleriň irki döwürde öňüni almak hem-de anyklamak bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, sagdyn iýmitlenmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, zyýanly endiklere garşy işjeň göreşmek boýunça geçirilýän çäreler «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasy şygarda anyk beýan edilen esas goýujy wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy döwletimiziň dünýäniň ykdysady taýdan ösen hem-de ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokary görkezijilerini özünde jemleýän kuwwatly ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemegine gönükdirilendir, milli saglygy goraýyş ulgamy şunda ýurdumyzyň baş baýlygy — halkymyzyň saglygyny goramaga ýardam berýän binýatlaýyn ulgam hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, jemgyýetiň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny ýylyň-ýylyna üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, öz çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmegini gazandy. Häzirki wagtda dürli görnüşli 14 kesele garşy çagalara ýokary hilli waksinalary köpçülikleýin sanjym etmek çäresi ýola goýuldy.
Gazanylan üstünlikler halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi hem-de degişli şahadatnamalar bilen tassyklanyldy, türkmen lukmanlarynyň bu ulgamda toplan tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýratmak üçin maslahat berildi.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, anyk durmuş ugurly syýasatynyň miweleridir, bu syýasat halkara bileleşigiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we beýleki guramalaryň giň ykrarnamasyna mynasyp boldy, olar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.
Biz öz raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmelidiris, çünki jemgyýetiň sagdynlygy kuwwatly döwletiň esasyny düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Şundan ugur alnyp, öňde goýlan maksada ýetmek üçin anyk çäreler görülýär, döwrebap lukmançylyk we bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň ulgamy döredilýär. Ýakynda Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetiki merkeziň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylmagy aýdylanlary doly tassyklaýar.
Şu gün bolsa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda açylan 200 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasy Bitaraplygyň şanly senesine gabatlanyp ulanmaga berilýän durmuş maksatly möhüm desgalaryň üstüni ýetirdi.
Şeýle lukmançylyk edarasynyň peýda bolmagy milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky hakyky atalyk aladasynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, bu keselleri anyklamaga hem-de öz wagtynda işjeň bejermäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyna geldi, bu desganyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal — 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ahal welaýatynyň häkimi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýygnandylar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Döredijilik, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga öwüşgin çaýdy.
Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär hem-de binanyň içine girýär we bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşmaga girişýär.
Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Halkara ülňülere laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy — ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler.Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa-damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär.
Stasionar binanyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler göz öňünde tutulyp, olaryň her biri aýratyn arassaçylyk otaglary bilen üpjün edildi.
Kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.
Ýokanç keseller hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär. Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagyny, täze ylmy açyşlaryň ulanylmagyny, şeýle hem bütin dünýäde keselleriň aýratynlyklarynyň üýtgemelerini hasaba almak bilen, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, diňe saglygy goraýşy innowasiýa häsiýetde ösdürmek şertlerinde, has takygy, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we usullar esasynda has-da gowulandyrmak mümkindir.
Hormatly Prezidentimiz tanyşlygy hirurgiýa, reanimasiýa we akuşerçilik bölümlerinden başlaýar, bu bölümler binanyň birinji gatynda ýerleşýär.
Milli Liderimiz reanimasiýa bölümine barýar. Bu ýerde işleýän lukman gyz bölümiň tehniki üpjünçiligi hem-de bu ýerde oturdylan belli ýewropaly önüm öndürijileriň döwrebap enjamlarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Ulular we çagalar üçin göz öňünde tutulan gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bölüm häzirki zaman enjamlary, hususan-da, gany ekstrakorporal usulda arassalaýyş enjamy (Germaniýanyň «Fresenius Mediсal» kompaniýasynyň önümi) «Multi Filtrate PRO» enjamy, ulular we çagalar üçin Servo-I emeli dem beriş abzaly (Şwesiýanyň «Getinge Group» kompaniýasynyň önümi) we beýlekiler bilen üpjün edilendir.
Bu ýerde her bir näsag üçin respirator, monitoring ulgamy, lineomat, kislorod we wakuum ulgamlary göz öňünde tutulandyr. Ýokanç keselleriň ýokuşmak töwekgelçiligine ýol bermezlik üçin hassalar bir orunlyk otaglarda aýratyn ýerleşdirilýär. Olaryň howasy daşary çykmaýar hem-de ýörite enjamyň kömegi bilen sorulyp, hassahananyň umumy wentilýasiýa ulgamyndan aýlanyp geçýär.
Servo-I emeli dem beriş enjamy arkaly dürli ýaşdaky hassalaryň, şol sanda agramy ýetmeýän täze doglan çagalaryň dem almagy üpjün edilýär. Lukmanlaryň belleýşi ýaly, bu enjam ykjam bolmagy netijesinde, hassany giperbariki oksigenasiýa kamerasyna kynçylyksyz geçirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bölümde elektrokardiografiýa, ultrases we rentgen barlaglaryny geçirmek üçin enjam, Germaniýanyň «Fresenius Medical» kompaniýasynyň «Multi Filtrate PRO» enjamy oturdylyp, ol ultragemofiltrasiýa usuly bilen hassany ýerinden gozgaman, onuň ganyny zyýanly maddalardan arassalamaga mümkinçilik berýär.
Ýörite monitorda temperatura, gemodinamikanyň görkezijileri — gan basyşy, ýürek urşy, dem almagyň ýygylygy hem gandaky kislorodyň derejesi bellige alynýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow reanimasiýa bölümleri, dessin terapiýa we operasiýa zallary üçin öňdebaryjy önüm öndüriji bolup durýan «MAQET» kompaniýasynyň enjamy bilen tanşyp, häzir dünýäde koronawirus bilen bagly bolan çylşyrymly ýagdaý zerarly dünýäniň köp ýurtlarynda wirusyň pandemiýa ösüşine taýýarlygyň görülmändigi üçin zerur bolan lukmançylyk däri-dermanlary we abzallary ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin emele gelen ýagdaýa garamazdan, biz saglygy goraýyş işgärleriniň netijeli işlemegi üçin zerur bolan zatlar bilen lukmançylyk edaralarynyň üpjünçiligine aýratyn üns bereris diýip belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hünärmenleri lukmançylyk ulgamynda täze barlaglardan habarly bolmalydyr. Galyberse-de, türkmen lukmanlary öz işini kämil derejede bilmek bilen çäklenmän, eýsem, hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmy makalalar bilen ýakyndan tanyşmak, daşary ýurtly kärdeşleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin daşary ýurt dillerini hem bilmelidir. Diňe yzygiderli kämilleşýän hünärmen özüni hakyky lukman diýip atlandyryp biler diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygyny goramak, hususan-da, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak we öz wagtynda bejermek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň hemişe döwletimiziň üns merkezinde durjakdygyny aýtdy.
Bölümde döredilen şertleriň ýokary halkara talaplara kybap gelýändigini, bu ýerde oturdylan enjamlaryň bolsa sebitde deňi-taýynyň ýokdugyny habar bermek bilen, ýaş lukman milli Liderimize öz kärdeşleriniň adyndan hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, ukyp-başarnyklaryny we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Bu hassahananyň ýokanç keselleri bejermäge ýöriteleşdirilendigine garamazdan, zerur ýagdaýda bu ýerde ýokary derejeli hirurgiýa kömegini bermek hem-de näsaglary başga hassahanalara geçirmezden, zerur operasiýalary geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow reanimasiýa bölüminden operasiýa bölümine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda ingalýator we pulsoksimetr enjamlaryny gözden geçirdi. Bu döwrebap ykjam lukmançylyk barlag-anyklaýyş abzaly kapillýar ganyny kislorod bilen baýlaşdyrmagyň derejesini ölçemek üçin niýetlenendir.
Patologiýalaryň köp görnüşi bolup, olaryň geçişi gipoksiýa bilen utgaşýar. Şu ýagdaýda ganyň kislorodynyň görkezijisi yzygiderli gözegçiligi talap edýär. Milli Liderimiz bu ýagdaýy nazara alyp, ulanmak üçin ýönekeý we amatly bolan abzallary (pulsoksimetrleri) ýurdumyzyň ähli ýerlerine ýaýratmagy tabşyrdy.
Operasiýa otagynda ýaş lukman-hirurg operasiýa zalynyň üpjünçiligi, bu ýerde oturdylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze lukmançylyk tehnikalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi, olar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Olaryň hatarynda «Flow C» enjamy ýadroly tehnologiýalaryň täze nesli bolup, emeli dem beriş enjamyna bolan zerurlygy peseldýär.
Serwogazyň modullary dem alyş ulgamy boýunça gaz garyndysynyň akymynyň basyşyny we tizligini kadalaşdyrýar. Elektron sançgylary bolan bugsuzlandyryjylar anestetikleriň tiz we takyk ýetirilmegini üpjün edýär. Bulardan başga-da, enjam işjeň antigipoksik goragyna eýe bolup, howpuň dörän ýagdaýynda kislorod abzaly işjeň ýagdaýa geçýär. Şeýle hem operasiýa stoly hassalar üçin ýylylygy kadalaşdyrýan düşek bilen üpjün edilipdir.
«Olimpus» ýapon kompaniýasynyň laparoskopy garyn boşlugyndaky we döş kapasasyndaky beden agzalarynda az şikesli dürli operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem bu ýerde «Call Vision ORC-kol wizen ORS-i» stansiýasy oturdylyp, ol operasiýanyň barşyna, wagtyna, dowamlylygyna hem-de otagyň temperaturasyna gözegçilik edýär.
Soňky nesliň döwrebap lukmançylyk tehnikalaryna eýe bolmagy netijesinde, hassahananyň işgärleri ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürläp bilerler diýip, lukman milli Liderimize işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we döwletimiziň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hassahanada işlemek üçin döredilen şertler, durmuş meseleleri bilen gyzyklanyp, halkymyzyň saglygynyň goragynda duran lukmanlaryň durmuş goraglylygy meseleleriniň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durjakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanan lukmanlar bilen söhbetdeşlikde COVID-19 bilen bagly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň diňe uly adamlara we çagalara däl-de, eýsem, entek dünýä inmedik bäbeklere hem täsirini ýetirendigini belledi. Gürrüň göwreliligi kesmegiň ýagdaýlary dogrusynda barýar. Biz ýurdumyzda sagdyn enelik we çagalyk üçin aýratyn gowy şertleri dörederis.
Hirurgiýa, reanimasiýa we akuşerçilik bölüminde çaga doglanda kabul etmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek, soňra eneler we bäbekler dogrumdan soňky giň bejeriş otaglarynda ýerleşdirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow barlaghananyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar, ol kliniki, biohimiki, bakteriologiýa, molekulýar — genetika, immunologiýa otaglaryndan ybaratdyr. Olarda ganyň umumy we biohimiýa seljermesini geçirmek, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakteriostasiki, molekulýar-genetika, polimeraz-zynjyr reaksiýalary seljermelerini geçirmek üçin mümkinçilikler döredilendir.
Kiçi organizmleri hem-de olaryň antibiotiklere duýgurlygyny kesgitlemek üçin «Vitek 2 Compact 60» mikrobiologiki seljeriş enjamy (ABŞ, «Biomerieux» kompaniýasynyň önümi); ummonofermentleriň awtomatlaşdyrylan barlaglary ulgamy üçin «Immulite 2000 Xpi» enjamy («Siemens Healthcare Diagnostics» kompaniýasynyň önümi), «EVOS CORE XL» monitor-mikroskop («Thermo Fisher Scientific» kompaniýanyň önümi), nuklein kislotalary ýüze çykarmak üçin «King Fisher Duo» enjamy (Singapur, «Thermo Fisher Scientific» kompaniýasynyň önümi) we dünýäniň belli kompaniýalarynyň beýleki iň öňdebaryjy barlaghana abzallary lukmanlaryň ygtyýarynda bolar.
Bakteriologiýa we molekulýar genetikasy barlaghanasynyň ýanynda ýokanç keselleriň patogenlerini — has takygy, wiruslary we bakteriýalary barlaghana usullary bilen ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Olar «Thermo Fisher Scientific» kompaniýasynyň önümi — «EVOS CORE XL» mikroskopy. Barlagyň netijelerini görkezýän monitoryň bolmagy onuň tapawutly aýratynlygyny görkezip, şol netijeleri ýatda sakladyp, elektron göterijilere ibermek we çap etmek bolýar.
«King Fisher Duo» enjamy nusgalyklaryň alynmagyny awtomatlaşdyrýar, ol neuklein kislotalaryň — DNK we RNK nusgalyklaryny toparlara bölmäge, şonuň bilen ýokary hilli netijeleri almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem barlaghanada polimeraz-zynjyr reaksiýalar usuly bilen gysga wagtyň içinde ýokanç keselleri döredýän mikroorganizmleri, hususan-da, dürli gepatowiruslary, ýokanç we içege kesellerini, şeýle hem COVID-19 keselini döredýän wirusy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän enjam oturdyldy.
Fransiýanyň önümi bolan «BacT /Alert 3D 120» kysymly enjam aerob we anaerob bakteriýalarynyň sepsisini, şeýle hem garabaş keselini döredýän mikroblary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Ganyň awtomatik bakteriologiýa analizatory barlag wagtyny iki sagada çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär: adatça, bu barlag on gün dowam edýär.
«Vitek 2 Compact» enjamynyň ulanylmagy patogen bakteriýalarynyň 374-den gowragyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berip, ganyň bakteriologiýa seljermesini 24 sagatdan 2 çagada çenli azaldýar, antibiotikoregistentliligi kesgitlemegiň wagtyny bolsa, 24 sagatdan 7 sagada çenli kemeldýär.
Şeýle hem bu ýerde ganyň düzüminde süýjiniň bardygyny, gemoglobiniň, holesteriniň, moçewinanyň, bilirubiniň we onuň bölekleriniň, buşukdaky belogyň, gulýukozanyň, ketonyň, eritrositleriň, leýkositleriň, pH-niň derejesini kesgitlemek, wirus gepatitiniň, beýleki wiruslaryň antigenlerini, olaryň hil we mukdar barlaglaryny geçirmek üçin birnäçe gyssagly synag testleri geçirilýär.
Barlaghana oňurga-beýni we beýleki agzalardaky suwuklyklaryň seljermesini geçirýär. Işgärleriň bilim we ýokary hünär derejesi işleri çylşyrymly kompýuter maksatnamasy arkaly ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Lukmanlar özleri barada edilýän alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, barlaghananyň dünýäniň belli önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilendigini, olaryň tiz wagtda wiruslary kesgitlemäge hem-de keseli dogry anyklamaga we zerur bolan bejergini geçirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar.
Bularyň hemmesi dünýäde dörän täze görnüşli koronawirusyň pandemiýasy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, tutuş adamzada uly howp salýan dürli ýokançlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň görülmegine uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Şeýle hem lukmanlaryň ygtyýarynda dürli barlaglary geçirmek üçin soňky nesliň abzallary bar.
Ýurdumyz boýunça ähli saglygy goraýyş edaralarynyň geljekde hem şunuň ýaly enjamlar bilen üpjün ediljekdigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünär endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, serhetleriň açylan badyna türkmen hünärmenleri üçin daşary ýurtlarda okuwlar guralyp, olar daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşyp bilerler.
Birnäçe otaglary bolan funksional-anyklaýyş bölüminiň hünärmenleri döwrebap enjama eýe bolmagy bilen, dürli görnüşli birnäçe barlaglary, şol sanda Asuson NX3 Elite (Günorta Koreýa, «Siemens Healthcare» kompaniýanyň önümi) enjamy arkaly ultrases anyklaýşy geçirip bilerler. Bu enjam garyn boşlugy agzalaryny, galkan görnüşli mäzleri, böwrek üstündäki mäzleri, aýallaryň jyns agzalaryny, süýt mäzlerini barlagdan geçirmäge niýetlenendir.
Elektrokardiografiýa otagy 12 ýaýlymly ýüregi ýazgy edýän Cardiovit AT-102 goşmak we 3 ýaýlymly Cardiovit AT-101 (EKG), enjamy bilen abzallaşdyrylandyr, olar Şwesiýanyň «Schiller» kompaniýasynyň önümleridir.
Bu ýerde ýerleşdirilen rentgen otagy Hytaýyň «Siemens Healthcare» kompaniýasynyň Fusion FD sanly enjam bilen üpjün edilendir, ol keseli doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Ispaniýanyň «Siemens Healthcare» kompaniýasynyň Mobilet Elara Max ykjam abzal mümkinçilikleri çäkli näsaglary ýerinde barlagdan geçirmek üçin niýetlenendir.
Fransiýanyň «Echosense» kompaniýasynyň FibroScan FS 630M enjamy bagryň fibrozyna neinwaziw baha bermek üçin niýetlenip, bagryň şikeslerini doly we dürs anyklamaga mümkinçilik berýär.
Aşgazan ulgamynyň kesellerini anyklamak we bejermek üçin ýene bir beýleki ýörite enjam Ýaponiýanyň «Fujinon» kompaniýasynyň konnektor gastroskop EG-580 NW2 enjamy we ECD-580R/DL kolonoskopy niýetlenendir, bu enjamlar endoskopiýa otagynda peýdalanylýar.
Fizioterapewtiki bölüminde näsaglar möhüm ähmiýetli bejeriş çärelerini netijeli alyp bilerler, bu ýerde hem iň täze enjam oturdylandyr. Olar Endolazer 422 enjamy lazer usulynda ulanylar (Italiýanyň «Enraf Nonius», kompaniýasynyň önümi), toplumlaýyn bejeriş geçmek üçin Endomed 684 V enjamy (Niderlandlaryň «Enraf Nonius» kompaniýasynyň önümi), wakuum bejeriş üçin Sonoplus 492 enjamy, gysga tolkunly bejeriş üçin Curarpuls 970 enjamy, mikrotolkunly bejeriş üçin Radarmed 650+ abzaly, ultrases bejeriş üçin Sonoplus 490 abzaly, elektrik bejeriş üçin Sonoplus 492 abzaly (Çehiýa, Enraf Nonius kompaniýasynyň önümi), magnit usulynda bejeriş üçin BTL 5920 abzaly (Beýik Britaniýa, «BTL» kompaniýanyň önümi) enjamlardyr.
Bu otag Germaniýanyň «Enraf Nonius» kompaniýanyň TGS 3.2 infragyzyl lampasy we dünýäniň belli kompaniýalarynyň beýleki häzirki zaman fizioterapewtiki enjamlary bilen üpjün edilendir. Olaryň kömegi arkaly ýokarky dem alyş agzalaryny, nerw, bugşuk jyns agzasyny, deri we süňk ulgamlary kesellerini bejermek mümkindir.
Hassahananyň düzümine bejeriş geçen näsaglary bellige almak, gözegçilik etmek, bellige alnan näsaglary yzygiderli bejermek we keselleriň öňüni almak üçin dispanser bölümi hem girýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlygy tamamlap, Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirilýän maslahatlar zalyna barýar.
Mejlisde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp wezipelere garaldy, bu ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň saglyk ýagdaýyna hemişe uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijeli ýerine ýetirilýändigini belläp, ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Bagabat şäherçesinde ulanmaga berlen döwrebap şypahanany munuň nobatdaky mysaly hökmünde görkezdi.
Häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy giňden ýaýrady. Bu ýokanç bütin adamzadyň abadançylygyna uly howp salýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şoňa görä-de, dünýäde ýiti öýken sowuklamasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden ýurdumyzda öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirilip başlandy. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Döwlet serhedi aýratyn gözegçilige alyndy. Serhetde zerur çäklendirmeler girizilip, raýatlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik güýçlendirildi. Bu ugurda ähli gulluklaryň işi sazlaşykly ýola goýuldy.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp baryldy. Zerur bolan derman we sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, anyklaýyş hem-de beýleki zerur serişdeler ýeterlik möçberde satyn alyndy diýip, milli Liderimiz belledi.
Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda karantin-tertip çärelerini berjaý etmek üçin ýörite bölümler açyldy. Ilat arasynda şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňden wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirildi.
Biziň ýurdumyz bu ugurda hemişe beýleki döwletler bilen tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümleri hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň ýurdumyzda bolup, ýokanç kesellere garşy görülýän çäreler bilen ýakyndan tanyşmagy-da muňa aýdyň mysal bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu gurama bilen bilelikde ýiti ýokanç keseliň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzyň taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasynyň düzülendigini we tassyklanandygyny belledi.
Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan Türkmenistan ynsan saglygyna howp salýan şeýle wehimiň garşysyna göreşmekde dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdyr.
Ýurdumyzyň hökümeti bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi dowam edýär. Geçirilen öňüni alyş işleri netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady. Bu bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr, biziň uly üstünligimizdir diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we başy başlanan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ine, şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ulanmaga berilýän şu hassahana hem dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça Türkmenistanda anyk işleriň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahana ýokanç keselleri wagtynda ýüze çykarmaga we bejermäge, olaryň öňüni almaga, raýatlarymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berer. Iki ýüz orunlyk hassahanada ýokanç keselleri anyklamak we bejermek üçin zerur bölümler hem-de barlaghanalar işlär.
Şular ýaly döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi we saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli ýokanç keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet beriljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle ajaýyp lukmançylyk edarasynyň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiz ýakyn wagtda şular ýaly birnäçe döwrebap lukmançylyk edarasyny gurmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Birinjiden, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleri ilatymyzyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we raýatlarymyzyň ortaça ömür dowamyny uzaltmakdan, halkara ölçegleriň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Araly halas etmegiň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi. Ekologiýa fiziologiýasy keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýar, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygyny döredýär.
Milli Liderimiz Aralýaka zolagy ýaly, oňaýsyz howa şertleri bolan sebitlerde keselleriň öňüni almagyň netijeli usullarynyň we serişdeleriniň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna ünsi çekip, Aşgabatda Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli täze hassahanany gurmagy tabşyrdy. Bu hassahana ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Şeýle hem hassahanada Aralyň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek boýunça işler geçiriler. Bu ugurlar boýunça okuwlar we ylmy barlaglar alnyp barlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze Milli maksatnamany taýýarlamak we bu maksatnamany Daşary işler ministrliginiň Araly halas etmek boýunça alyp barýan işleri bilen utgaşdyrmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmagy tabşyrdy. Bu merkezde saglygy goraýşyň epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we biologiýa, immunologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlarda düýpli ylmy-barlag işleri hem alnyp barlar.
Geçiriljek bu ylmy-barlag işlerinde keselleriň tebigy ojaklarynyň epidemiologiýasyny, olary döredijileriň genetikasyny öwrenmek, molekulýar biologiýa we immunologiýa boýunça biotehnologiýa we nanotehnologiýa usullary kesgitlener diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ikinjiden, ilatymyzy derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda derman öndürýän birnäçe täze fabrigi gurmagy tabşyrýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň açylmagy bilen gutlady.
Ministr saglygy goraýyş işgärleriniň ählisiniň adyndan ilatymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň netijesinde häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howplara garşy göreşde ýurdumyz dünýä nusgalyk tejribe toplady. Türkmenistan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde gazanan tejribelerini dünýä döwletleri bilen paýlaşmak hem-de özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça halkara başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi.
Milli Liderimiziň berýän tabşyryklaryndan, yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan hem-de döredip beren giň mümkinçiliklerinden ugur alnyp, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýurdumyzda netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işi ýola goýuldy.
Şeýle hem ministr häzirki wagtda ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýyny gözegçilikde saklamak boýunça zerur bolan toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini habar berdi. Amala aşyrylýan anyk işleriň hatarynda ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýändigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna şu ýyl 25 ýyl dolýar. Bu döwürde maksatnamany amala aşyrmakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekde we ýokary derejelere çykarmakda, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmekde belent sepgitlere ýetildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda dünýä lukmançylyk ylmynyň iň oňat gazananlaryna we öňdebaryjy tejribelere esaslanýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli nusgasy döredildi. Bu bolsa raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Saglygy goraýyş ylmyny we bilimini, hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini kämilleşdirmek üçin daşary ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş endiklerini ornaşdyrmak, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek, keselleriň öňüni almak üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredildi.
Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagy gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezildi. Munuň özi hyzmatlaryň hilini dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkeziň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Saglyk» binasynyň, «Bagabat» şypahanasynyň, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda hem bimöçber alada edilýär. Milli Liderimiziň dünýäde ýaýran ýiti ýokanç kesele garşy öňüni alyş çärelerini alyp barýan saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 15 göterim, ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan ýerlerinde işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 20 göterim, beýleki obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 10 göterim möçberde goşmaça hak tölemek bilen baglanyşykly Karary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu resminama laýyklykda, saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlary hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleri ilkinji nobatda berler.
Şeýle hem hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, saglygy goraýyş babatda dünýäniň ösen döwletleri, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň dünýä tejribesinde ulanylýan täze innowasion usullary milli lukmançylygymyza yzygiderli ornaşdyrylýar.
Mundan başga-da, netijeli hyzmatdaşlyk türkmenistanlylaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyna mümkinçilikleri açýar.
Mejlisiň dowamynda ministr döwlet Baştutanymyza Halkara köpugurly dikeldiş merkezini gurmaga hem ýardam bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Bu toplumyň gurulmagy häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerini geçiren näsaglaryň, operasiýa geçiren näsaglaryň saglygyny, ýokanç kesellerden soňra dörän gaýra üzülmelerini dikeltmek işlerini amala aşyrmak zerurlygy bilen şertlendirilendir.
Şeýle hem ministrligiň ýolbaşçysy milli Liderimize Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyryp bermek barada haýyş bilen ýüzlendi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ministr döwlet Baştutanymyzy ilatymyzyň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny uzaltmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda milli Liderimiz paýtagtymyzda Halkara köpugurly dikeldiş merkezini gurmak hakynda teklibi goldap hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berip, ýygnananlary we mähriban halkymyzy Garaşsyz döwletimiziň ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki waka barada Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ýokanç keseller hassahanasynyň işgärlerine ýene bir gezek işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de täze açylan edara sowgat hökmünde awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.