Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap tegelek stol gurnady.

Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ozal işlän Ilçileri – diplomatlar, ylmy işgärler gatnaşdylar.

Tegelek stoluň barşynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi gatnaşyjylara ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň halkara we sebitleýin durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky orny, şeýle hem dünýädе parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtdy. 

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy gymmatlyklara edýän saldamly goşandyny nygtap, Türkmenistyanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny ýurduň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen mähirli gutladylar.