TÜRKMENISTAN ÖZÜNIŇ HALKARA ÇÖKGÜNLIKLERE GARŞY GÖREŞMEK GAZNALARYNYŇ DONORY HÖKMÜNDÄKI ORNUNY PUGTALANDYRMAGA MEÝILLIDIR
«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ministrler derejesinde geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpler bilen baglylykda ýüze çykýan çökgünlik ýagdaýlarynyň bilelikde çözülmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.
Çökgünlikleriň öňüniň alynmagy, edil şonuň ýaly-da olaryň ýaramaz netijeleriniň peseldilmegi maksady bilen Türkmenistanyň özüniň halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we degişli taslamalara gatnaşygyny has hem işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýandyr.
Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Adatdan daşary ýagdaýlara dessin seslenmegiň Merkezi Gaznasynyň (CERF) kemala getirilmegine gatnaşmak arkaly ynsanperwer we durmuş häsiýetli meseleleriň çözgüi babatynda türkmen tarapynyň tagallalary aýratyn bellenilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji dekabrynda BMG-niň Baş sekretary tarapyndan çagyrylýan CERF-e goýumlaryň yglan edilmegi boýunça öňde duran Ýokary derejeli çäräniň barşynda Türkmenistan bu ynsanperwer Gazna özüniň nobatdaky maliýe goýumy barada resmi ýagdaýda mälim eder.
Mundan başga-da, türkmen tarapy ýurduň BMG-niň Ynsanperwer meseleleriň utgaşdyrylmagy boýunça Müdirligi (UN OCHA) bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigine hem aýratyn ünsi çekdi, onuň çäklerinde 2021-nji ýylda täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegine girişiler.