TÜRKMENISTAN ÝB-NIŇ WE MERKEZI AZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜNSÜNI PARIŽ YLALAŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI BORÇNAMALARYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINIŇ ZERURLYGYNA ÇEKDI
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ministrler derejesinde geçirilen maslahatynyň barşynda türkmen tarapy oňa gatnaşyjylary howanyň üýtgemeginiň meselelerine aýratyn üns bermäge çagyrdy.
Bu ugurda Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyna gatnaşýan her bir ýurduň Pariž ylalaşygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda has giňişleýin tagalla etmelidiklerini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, öňde duran 12-nji dekabrda geçiriljek Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Sammitiň (Climate Ambition Summit) barşynda Türkmenistanyň milli derejede Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmegi bilen bagly bolan öz borçnamalary hakynda beýan etmek baradaky meýilleri nygtalyp geçildi.
Parnik gazlarynyň taşlanmagynyň nol derejesine ymtylyş bu ugurdaky milli tagallalaryň toplumynyň elementleriniň biri hökmünde bellenildi.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň we Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegi boýunça Milli strategiýanyň kabul edilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi, çünki bu resminamalar ýurduň energo ulgamynda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň paýynyň artdyrylmagyna gönükdirilen bolup durýandyr.
Agaçlaryň ekilmegi boýunça giň gerimli milli kampaniýa aýratyn bellenilip geçildi. Onuň çäklerinde soňky 20 ýylyň dowamynda 90 milliondan gowrak agaç nahallary ekildi. Şu ýyl ekilen agaç nahallarynyň sanynynyň 25 milliona barabar boljakdygy bellenilip geçildi.