TÜRKMENISTAN WE ŞWESIÝA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELERE GARADYLAR

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şeýle hem, sebit we halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler.

Duşuşygyň çäklerinde ministrler 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna türkmen tarapynyň ygrarlydygy barada bellenildi. Bu ugurda iki ýurduň pandemiýa ýagdaýyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy.

Kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi, adam hukuklary, bilim we ylym, şol sanda ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda taraplaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.