TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Täze neşir Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýapon dilini çuňňur öwrenýän jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat boldy.
Tanyşdyryş dabarasyna ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, Aşgabatda ýerleşen ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de türkmen we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä şonuň ýaly-da Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Täze neşiriň tanyşydyryş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektorlarynyň, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamotonyň, Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň rektory Kýosuke Nagatanyň, Ýaponiýanyň Kitasato uniwersitetiniň professory Norihiro Okadanyň, Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň dosenti, professor Terue Okadanyň we beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlary diňledildi.
Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilmegi umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň has giňişleýin ýaýradylmagyna itergi berer.
Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, eseriň özboluşly häsiýetini aýratyn nygtamak bilen, ýapon okyjylarynyň, ylmy hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan her bir adamyň bu eseri okap, tutuş adamzadyň ösüş taryhynda ähmiýetli yz goýan halkyň milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin düşünje alar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.