TÜRKMENISTANYŇ IRENA-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Garajaýew Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.Garajaýew Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde öz ynanç hatlyny gowşurdy.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine öz gyzgyn salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi we Ilçini Türkmenistanyň bu halkara agentligindäki ilkinji Hemişelik wekili hökmünde bellenilmegi bilen gutlap,  işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan agentligiň Baş direktory Françesko La Kamera iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdi. Soňra Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentligi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti we ony ösdürmegiň ugurlary barada jikme-jik pikir alyşyldy.