SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşykda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler.
Ikitaraplaýyn özara hereketleriň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-2022-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine itergi beren möhüm resminamalaryň biri hökmünde kesgitlenildi.
Taraplar Hökümetara toparynyň ýedinji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler. Koreý tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bilen ykdysadyýetiň nebitgaz we gazhimiýa pudaklarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle hem yzygiderli esasda geçirilýän işewürlik-forumlarynyň, şol sanda 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Bilelikdäki Türkmen-koreý Işewürlik geňeşiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar maýa goýum meselelerini, şol sanda menejment, maliýe dolandyrylyşy ulgamynda tejribeleriň alyşylmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmen düzümleriniň we «LG International Corp», «Hyundai Engineering» ýaly koreý kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi. Bilelikdäki sergileriň, forumlaryň geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi. Geljek üçin taslamalaryň işlenilip düzülmegi babatyndaky tekliplere hem seredilip geçildi.
Duşuşyga gatnaşanlar maglumat we sanly tehnologiýalar, ulag, aragatnaşyk, ýol gurluşygy, gämi gurluşygy, dokma senagaty, suw we tokaý hojalygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Binagärlik, şäher meýilnamalaşdyrmasy we seýsmologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri babatynda hem pikirler alyşyldy.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar esasy temalaryň birine öwrüldi. Taraplar ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça tejribeleriň alyşylmagy bilen birlikde, ylmy gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Koreý agentliginiň (KOICA) çäklerindäki özara hereketleriň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Medeniýet we sport ugry boýunça özara gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasyny kabul etdiler.
Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýanyň Deňiz enjamlaryny öwreniş institutynyň (KOMERI) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.