TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR

Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşiň çykyşlary diňlenildi.

Mejlisde Owganystanyň Hökümetiniň hem-de halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy gyzyklanmalaryna ýetmek: durnukly ösüş, Owganystanda gülläp ösüşiň we parahatçylygyň ýola goýulmagy ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda, 2021-2024-nji ýyllar aralygyndaky ösüş ugurlaryna, hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagyna, şeýle hem Owganystanyň administrasiýasyna maliýe goldawynyň berilmegine seredildi. Bu ýurduň ykdysady ösüşi üçin umumy syýasy beýanyň we maliýe gurallarynyň işlenilip düzülmegi esasy üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow maslahatda çykyş edip, dünýä ykdysadyýetine işjeň gatnaşmagy bilen, Owganystanda durnukly parahatçylygy üpjün etmek işini goldamakda, Türkmenistanyň nukdaýnazaryny we hereketlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy üpjün etmekde we gülläp ösüşi gazanmakda ýurduň ösüşiniň durmuş-ykdysady özeni bolup durýan, syýasy-diplomatik gurallaryny ulanmagyň zerurlygyna aýratyn ynanýandygy bellenildi.

R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň doganlyk Owganystany goldamaklyga gönükdirilen başlangyçlarynyň birnäçesini mysal hökmünde getirdi. Bu ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ösüşi, şeýle hem energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe ulgamlardaky uly göwrümli sebit we halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini öz içine alýandyr.

Bu mejlisde Türkmenistanyň Owganystana we onuň halkyna ýardam bermegini dowam etmegi maksat edinýändigi aýratyn bellenildi.