Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.

Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan Gündogaryň gadymy siwilizasiýalarynyň ojagydyr. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan binagärligiň ajaýyp ýadygärlikleri ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dürli döwürlerde ýerleşen uly döwletleriň we iri şäherleriň bolandygyna, gurluşygyň, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň esasynda bolsa halk bezeg-amaly döredijiligi döräp, gülläp ösüpdir.

Şol ýer Balkan welaýatynda ýerleşen Dehistan (Maşat — Misserian) bolup, bu ýerde arheologlar tarapyndan köp sanly kerwensaraýlary, medresedir metjitleri bolan gala şäherleriň, obalaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Baryp X asyrda meşhur arap syýahatçysy al-Makdisi tarapyndan beýan edilen Dehistanyň ýadygärlikleriniň çeper bezelişi, ýerine ýetiriliş tehnikasy we sany bu taryhy mesgeni Merw, Gürgenç ýaly gadymy medeniýetiň merkezleri bilen bir hatarda goýýar.

Bu gün milli binagärligiň iň gowy däpleri ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň, şol sanda onuň günbatar sebitiniň keşbini bezeýän täze binalarda we desgalarda mynasyp dowamyny tapdy. Bu milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesidir.

Ine, şu gün bolsa gurlup, ulanmaga berilýän ýene-de bir täze binanyň açylyşy geçirildi. Balkanabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan ajaýyp ak mermerli metjit welaýatyň dolandyryş merkeziniň esasy gözellikleriniň birine öwrüldi.

Bu ýerde, şäheriň binagärlik toplumy bilen sazlaşan döwrebap desgalar toplumynyň ýanynda, milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza mähriban halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeniýetini we ruhy mirasyny aýawly saklamak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Söhbetdeşlikden soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze metjide tarap ugrady, ýol ugrunda onuň daşky bezeg aýratynlyklaryny, bu töwerekdäki durmuş maksatly desgalar bilen sazlaşygyny, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady.

Ajaýyp metjidi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler.

Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn çaýylan şekili goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar, olar yslam medeniýeti üçin häsiýetli bolan özboluşly bezeg esaslary bilen bezeldi.

Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi.

Binanyň içi timarlananda, mermer, granit agajyň gymmat görnüşleri ulanyldy.

Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Iş otaglary döwrebap tehnikalar we aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem awtoduralga bina edildi.

Ajaýyp metjit özüniň diňe binagärlik keşbi, içerki we daşarky bezelişi bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelmegi bilen gözüňi dokundyrýar. Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň 3 müň düýbi, gyrymsy agaçlaryň 10 müň düýbi oturdyldy. Damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarýan ulgam göz öňünde tutuldy. Agşamlaryna bolsa metjit özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz täze metjidiň açylmagyna ak pata berip, binanyň içine girdi.

Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada doga-dileg edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Doga-dileg edilenden soň, hajy Arkadagymyz musulman dünýäsiniň mukaddes şäheri Mekgeden ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen, mukaddes Käbäniň keramatly ýazgylary bolan örtügi gowşurdy.

Bu ýerde, ýola goýlan asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize sowgat berlen keramatly teperrik goýuldy. Ol milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde zyýarat eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy. Bu mukaddeslikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde goýlup, halkymyzyň olara tagzym etmegi üçin mümkinçilikler üpjün edilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsi bilen söhbetdeş boldy. Bu gymmatlykda ýerleşdirilen ýazgylar musulman ymmatynyň parz işleri, Allatagalanyň sahawaty baradaky aýatlardan ybarat bolup durýar. Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddeslikleriň sany döwlet Baştutanymyzyň metjide beren sowgady bilen bilelikde üç boldy.

Dabara gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddes gymmatlyklara tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra ýurdumyzyň müftüsi we täze metjidiň baş ymamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy metjidiň gurluşy, şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem metjidiň diwarlaryny bezeýän mukaddes ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen halky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýagşy dessurlara ygrarly bolmak bilen, ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar.

Şeýle hem häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde, şol döredijilikli däpler mynasyp dowam etdirilýär we baý mazmuna eýe bolýar. Olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Balkan welaýatynda gurlan ajaýyp metjit bu işleriň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň ähli ilatynyň adyndan hajy Arkadagymyza çäksiz hoşallyk sözleri beýan edildi.

Musulman dünýäsinde kaşaň binagärlik keşbi bolan metjitlere aýratyn ähmiýet berilýär. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde päk niýetiň, birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşyklaryň we ýagşy umyt-arzuwlaryň ojagy hasaplanylýan metjitler gurulýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi ynsanperwerlikli kanunlar hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak ýörelgeleri esasynda gurýarys.

Döwletimiz raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine uýmak erkinliginiň üýtgewsiz berjaý edilmegini kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda döwletimiz her bir musulman üçin mukaddes bolan haj parzyny berjaý edýän adamlara goldaw berýär. Häzir hem dini ojaklar — metjitler jemgyýetde raýat ylalaşygyny, milletiň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Soňra milli Liderimiz täze metjide täze awtoulagy sowgat edip, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz özüniň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna ilimiziň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin toý sadakasyny berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmeleri Balkan topragynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan täze, döwrebap metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Türkmen halky — öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýän halk. Yslam dini hem halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Garaşsyz Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň, jemgyýetiň erkinligini, azatlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Demokratiýanyň dabaralanýan, raýat agzybirligi pugtalanýan ýurdumyzda adamlaryň hukuklary we azatlyklary goralyp, isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Her bir adam erkin, azat, döredijilikli zähmet çekip, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Sahawatly Balkan topragynda täze metjidiň açylmagy hem ýurdumyzda adam azatlyklarynyň goralýandygynyň, gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda, ajaýyp häsiýetleri oýarmakda yslam dininiň uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan wyždan azatlygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şular ýaly ajaýyp metjitleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem gurlup, ulanmaga berlendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz muňa mysal hökmünde diňe soňky ýyllarda gurlan metjitleriň birnäçesini agzady. Olaryň hatarynda Mary we Daşoguz welaýatlarynyň baş metjitleri, Aşgabat şäheriniň Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda açylan metjit bolup, olar degişlilikde 2009-njy, 2015-nji we 2018-nji ýyllarda açyldy. Şu ýyl bolsa Lebap welaýatynyň baş metjidi açyldy. Şonuň ýaly metjitler beýleki obadyr şäherlerimizde hem guruldy.

Döwletimiz haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän adamlara hem uly goldaw berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Her ýyl ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwlet tarapyndan ähli goldawlary alyp, mukaddes ýerlere zyýarata gidýärler. Oraza aýynda agyz beklenip, agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazlary okalýar we ýagşy doga-dilegler edilýär.

Mukaddes Oraza we Gurban baýramlary döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär. Şol günler, ildeşlerimiz baýramçylygy arkaýyn bellär ýaly, ýörite Perman bilen iş günleri däl diýlip yglan edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dini taglymatlary, edim-gylymlary, ybadat dessurlaryny halkymyzyň doly we dogry öwrenmekleri üçin Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan birnäçe kitaplar çap edilýär. Bularyň ählisi dinimize we dindarlarymyza goýulýan sylag-hormatyň alamatydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ähli dindarlarymyzy, tutuş halkymyzy özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp metjidiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, halkymyzyň islän dinine uýup, rahat, agzybir ýaşamagy üçin mundan beýläk hem ähli tagallalaryň ediljekdigini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hemmetaraplaýyn ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Goý, Gudraty güýçli Allatagala siziň ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe güýç-kuwwat bersin diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi.

Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, aýat-töwir okaldy.

Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şeýle diýdi:

— Berlen sadakalar, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
— Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk we asudalyk höküm sürsün!

Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.