ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi çykyş etdi. Öz çykyşynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täze binýatlaýyn eseriniň türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, halkyň milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga hem-de  türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşan bimöçber goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýändigi barada dabara gatnaşyjylara gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Milletiň Lideriniň bu eseri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, Watana wepalylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň naýbaşy ýörelgelerini giňden açyp görkezýär. Pederlerimiziň miras goýan taglymatlaryna we öwütlerine sarpa goýmak, parahatçylyk, raýdaşlyk we birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly ählumumy ösüşe ymtylyş eseriň awtorynyň esasy çagyryşy bolup durýandyr.

Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bu eseriň gymmatyny bellemek bilen, ýapon okyjylarynyň hem-de Türkmenistana gyzyklanma bildirýän islendik adamyň, siwilizasiýanyň ösüşine wajyp goşant goşan türkmen halkyna mahsus häsiýetlere hem-de halkyň däp-dessurlaryna anyk göz ýetirip biljekdiklerine çuňňur ynam bildirdiler.