TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky tapgyrlarynyň biri üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly, owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek ugrundaky başlangyçlaryny beýan etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýardam bermäge ygrarlylygy hem beýan edildi, bu bolsa Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri infrastruktura taslamalarynda, şol sanda goňşy ýurduň çäginde muzdsuz esasda bina edilýän ýörite desgalaryň gurluşygynda öz beýanyny tapýandyr.
Duşuşykda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektroenergetiki we kommunikasion ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da Türkmenistany Owganystan hem-de sebitiň beýleki ýurtlary bilen birleşdirýän demir ýol ugurlarynyň gurluşygynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Bu taslamalaryň owgan ykdysadyýeti hem-de ýurduň dünýä ykdysadyýetiniň proseslerine geljekki integrasiýasy üçin aýratyn derwaýyslygy nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.