Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanun kabul edilip, şol sanda Milli parlamentiň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler öňe sürlüp, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk edarasynyň iki palataly düzümine—Halk Maslahatyna we Mejlise geçilýär. Munuň özi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna, dünýä we milli demokratik tejribesine kybap gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” täze Kanunyň kabul edilmegi Watanymyzda parlament we demokratik ösüşiň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwlet gurluşynyň wajyp wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny döwrebaplaşdyrmak işleri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bir ýyl mundan ozal başlandy.

Hut şonda döwlet Baştutanymyz merkezi we ýerli wekilçilikli edaralaryň ähmiýetini ýokarlandyrmagy baş wezipe hökmünde kesgitledi. Çünki bu düzümler ýurdumyzda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy hasaplanylýan halk tarapyndan kemala getirilýär.

Bu günki mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmäge degişli birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw kodeksine hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlaw möwsüminiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahataşdylar. Şonuň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar syn ederler. Hususan-da, zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar we ýatlamalar tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklygynyň we giň bäsdeşliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatynyň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň we syýasy-demokratik özgertmeleriň mazmunyny hem-de maksatlaryny ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň öňde boljak saýlawlara taýýarlyk, dürli derejedäki çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky habarlary diňlenildi. Şunun bilen baglylykda, ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işlerine möhüm ornuň degişlidigi nygtlady.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmeginde saýlaw toparlaryna anyk we sazlaşykly işi alyp barmak boýunça aýratyn jogapkärçilik degişlidir. Çünki, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary ses bermegi guraýarlar we saýlawlaryň jemlerini jemleýärler.

Mejlise gatnaşyjylar Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini nygtap, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da guramaçylyk meselelerine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.