TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çin Ki Hun bilen duşuşygy geçirildi.    

Duşuşygyň başynda Ministr ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigi barada bellenip geçildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi aýratyn bellendi. Diplomatlar ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada aýtdylar.   

Medeniýet, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.