TÜRKMENISTAN INTEGRASIÝA HEREKETLERINDE ENERGETIKANYŇ WE ULAGYŇ ÄHMIÝETLIGINI ÖŇE ÇYKARÝAR

ÝHHG-niň Ministrler geňeşi  Guramanyň öňünde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de umumy wezipeleriň çözülmegi üçin netijeli platforma bolup durýandyr. Tirana şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň birinji gününde durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere seredildi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Hususan-da, bütin ÝHHG sebitiniň döwletleri üçin giň ykdysady we syýasy mümkinçilikleri açýan bu sebitleriň energo mümkinçilikleri hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleri hakynda gürrüň edildi.  

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň – Durnukly energetika boýunça Geňeşiniň hem-de Ulag syýasaty boýunça komissiýasynyň döredilmegi baradaky teklibiniň maksadalaýyklygy ýene-de bir gezek bellenilip geçildi.

Energetika ulgamynyň Türkmenstanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Türkmenistan gyzyklanmalaryň deňagramlylygyna hem-de özara hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegine esaslanan ÝHHG-niň işiniň bitewi ugrunyň kemala getirilmegine itergi berjek hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli bolan gurallarynyň ornaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändir.