TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ PLATFORMASYNDA TEBIGATY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI TEKLIP EDÝÄR

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, ÝHHG-niň Toplumlaýyn Ekologiýa Maksatnamasynyň taýýarlanylmagy boýunça teklip beýan edildi, ol öz gezeginde Guramanyň tebigaty goraýyş ulgamynda ileri tutuýan wezipelerini has hem takyklaşdyrmaga mümkinçilik berer.  

Ministr Meredowyň nygtaýşy ýaly, şeýle «Maksatnama ÝHHG-niň agza-ýurtlarynda ýerasty, ýerüsti we suw serişdeleriniň goragy we rejeli peýdalanylmagy ulgamyndaky taslamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy üçin oňyn esas bolup biler».