Tbilisiniň merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baner oturdyldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli Tbilisiniň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy. 2020-nji ýyl – Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly uly baner oturdyldy.

Şeýlelik bilen, Gruziýa Türkmenistanyň halkyny möhüm senesi bolan – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady. Bu nobatdaky mahabatlandyryş çäre, Türkmen halkyna çuňňur hormat goýmagyň, ýurtdaky möhüm wakalara uly üns bermegiň aýdyň mysalydyr.

Mahabatlandyryş çäresi ýylyň ahyryna çenli dowam eder.