Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişine garaldy, sanly ulgama geçmek, oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligini artdyrmak, ilatymyzy dürli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin geçirilen işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, obasenagat toplumynda bellenen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň maliýeleşdirilişi, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berendigini belledi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna uly orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýdyp, gönükdirilýän serişdeleriň maksada laýyk ulanylmagyny gazanmagyň esasy wezipeleriň biridigini nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew çagyryldy. Ministr oba hojalyk pudagynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ekerançylyk meýdanlaryndan bereketli hasyl almak ugrunda milli Liderimiziň berýän hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletiň goldaw bermeginde döwrebap tehnikalar, şol sanda kombaýnlar, ýokary tehnologiýaly enjamlar yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ýokary hasyl almaga we obasenagat önümçiliginiň depginini artdyrmaga ýardam berýär.

Hasabatyň barşynda şeýle hem mallaryň baş sanyny artdyrmak, ýeterlik derejelde iým binýadyny döretmek we, umuman, maldarçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Ministrlik tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, saklamak we içerki sarp edijileri bu önümler bilen elýeter üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýokary depginler bilen ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Bu ugurda döwlet tarapyndan zerur goldawyň berilmegi dowam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdary yzygiderli artdyrylmalydyr hem-de halkymyzyň zerur azyk önümlerine islegi doly kanagatlandyrylmalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, pudagy sanly ulgama geçirmek barada öňde goýlan wezipeleri hem ýerine ýetirmek babatda yzygiderli tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, ministre birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow göni aragatnaşyga çagyryldy. Ol suw hojalygy pudagyny ösdürmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna“ we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin täze suw howdanlaryny gurmak we bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, baglary damjalaýyn usulda suwarmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň üçin zerur bolan tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän “Altyn asyr“ Türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny suw serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bellenen işleri durmuşa geçirmekde satyn alynýan kuwwatly tehnikalaryň netijeli ulanylmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Munuň özi ekinleri ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek baradaky wezipäni çözmäge uly ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli goldaw we ýardam bermegi netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlarynda abatlaýyş işleriniň geçirilişi, atlar üçin ýokumly ot-iým binýadyny döretmek boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berildi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary barada habar berildi.

Ady rowaýata öwrülen “asman atlary” ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrülýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna hemişe ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezýärler. Şonuň ýaly-da, päsgelçiliklerden bökmek arkaly meýilleşdirilen konkur ýaryşlaryna gatnaşmak üçin hem düýpli taýýarlyk görülýändigi bellenildi.

Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramynyň 2021-nji ýylda döwlet derejesinde Mary welaýatynda durky täzelenen aýlawda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyldy. Bu gün ahalteke bedewleriniň tophum arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, tohum atlaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewleriň halkymyzyň durmuşynda uly orun tutýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ahalteke tohum atçylygyny ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň yzygiderli görülýändigini belläp, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etmelidigine ünsi çekdi. Pudaga döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktoryna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy hem-de häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwletimiziň yzygiderli berýän goldawlary esasynda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem-de beýleki zerur serişdeler yzygiderli satyn alynýar.

Hasabatyň çäklerinde oba hojalyk toplumyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyryp, öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda bellenen maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Şonuň ýaly-da, pudagyň maliýe-hojalyk işlerindäki görkezijileri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu pudaga sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar hem-de bu babatda oba hojalyk bilimini we ylmyny ösdürmek, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öwrenilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Munuň üçin köp möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ünsi çekip, oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalaryň gaýgyrylmaly däldigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde durýan möhüm birnäçe wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda yzygiderli özgertmeleri geçirmäge aýratyn üns berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlaryň we oba hojalyk toplumyna gönükdirilýän örän uly serişdeleriň netijesinde oba hojalygynda önüm öndürijileri höweslendirmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmalydygyny aýdyp, oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygyny gowulandyrmak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň alymlary, professor-mugallymlary bilen bilelikde, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly-gollanma kitapçalaryny taýýarlamaly.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalarynyň maksada laýyk we netijeli ulanylmagy gazanylmalydyr diýip, şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerini suwarmakda we suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilmelidigini, önümçilige döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtady.

Ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda mümkin bolan ýerlerde täze suw howdanlarynyň gurulmalydygyny we bar bolanlarynyň göwrüminiň giňeldilmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, suw hojalyk tehnikalarynyň maksada laýyk we netijeli ulanylmagy gazanylmalydyr, suwaryş we şor suw akabalary wagtly-wagtynda arassalanyp durulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny köpeltmek we milli seýisçilik sungatyny ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur işleri geçirmegi, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmegi hem-de ýaş hünärmenleri höweslendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, atçylyk sport toplumlarynyň talaba laýyk saklanylmagyny, olarda bejeriş we abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, bu toplumlaryň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin seljermeleri geçirip, degişli teklipleri taýýarlamaly.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda halkymyz tarapyndan at çapyşyklaryna bildirilýän uly gyzyklanmadan ugur alyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly totalizator goýumlaryny ulanmagyň hem maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi ahalteke bedewleriniň daşary ýurtlardaky köpsanly muşdaklarynyň barha artmagyna, olaryň türkmen atçylyk sportuna bolan ünsüniň ýokarlanmagyna, türkmen janköýerleriniň at çapyşyklara höweslenmeleriniň has-da artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugra degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň hemişe bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek boýunça öňde uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.