«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Azerbaýjanyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda belläp geçişleri ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan diline terjime edilmegi umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň has giňişleýin ýaýradylmagyna itergi berer. Azerbaýjan okjylary, ylmy we jemgyýetçilik toparlary hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi tutuş adamzadyň ösüşine goşant goşan, halkyň milli gymmatlyklary barada anyk maglumatlary almaga ynam bildirdiler.

Täze neşir şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylgynyň öňüsyrasynda azerbaýjan dilini öwrenýän giň jemgyýetçilige özboluşly sowgat boldy.

Bellenilişi ýaly, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bahasyna ýetip bolmajak maddy däl gymmatlyklaryň we özboluşly milli döredijiligiň öwrenilmegi we ýaýradylmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möçberine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi türkmen-azerbaýjan dostlugynyň ýene bir subutnamasy bolup durýar. Iki halkyň köpasyrlyk milli däp-dessurlary, çuň taryhy we medeni kökleri Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk özeni bolup durýar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.