«MERKEZI AZIÝA + OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY + HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Owganystan Yslam Respublikasy + Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler  ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy.

Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatiki ugry boýunça hem-de söwda-ykdysady ugrundaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda pandemiýa garşy göreşmek boýunça hyzmatdalyk meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda, kynçylyk döwründe ýurtlaryň jebisligi, özara goldawy we bu howpa garşy göreşmekdäki ýardamlary barada aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklamak we mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny tapmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

W.Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistan hyzmatdaşary bilen, hususan-da goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnuklu bolmagy, özara söwda dolanyşygynyň we üstaşyr daşamalaryň berk ulgamyny saklamak üçin degişli işleri geçirýär.

Mundan başga-da, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bagly meselelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Bitewi logistiki merkezini döretmek, ýükleri iberýän we kabul edýän edýän nokatlary tehnologiýa taýdan ösdürmek, ýükleriň bar bolan geçelgelerde hereket etmegi üçin bitewi tarif syýasatyny geçirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly tekliplerini öňe sürdi.

Taraplar sebit we global derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallarynyň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda halkara terrorçylyga netijeli garşy göreşmek global talaplaryň biri bolup durýar. Bu temanyň çäklerinde aýratyn hem Owganystanda ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine we bu ýurtda parahatçylyk gurujylyk proseslerine üns berildi.