AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Tanyşdyrylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Russiýanyň diplomatik missiýasynyň hünärmenleri, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärä Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we Russiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilinde neşir edilmeginiň türkmen-rus gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilýändiginiň, iki halkyň dostlugynyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Çykyş edenleriň beýan edişi ýaly, bu türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň özboluşly ylmy doktrinasydyr. Türkmen döwletiniň baştutanynyň bu eseri arkaly dünýäniň rus dilli okyjylary tutuş adamzadyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny düýpli öwrenmäge mümkinçilik aldylar.
Şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseri türkmen halkynyň däp-dessurlaryny öwrenýän giň ylmy jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat boldy.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.