HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAM TÜRKMENISTANYŇ RAÝATY BOLDY

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasy geçirildi.  

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, 874 adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. 

Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle-de žurnalistler gatnaşdylar.  

Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan ynsanperwer ugur boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Bosgunlar we adam hukuklary barada milli kanunçylygyň we BMG-niň degişli Konwensiýalarynyň esasynda Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.    

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetlik ýörelgelerinden ugur alyp, ynsan ölçegleri we durmuş häsiýetli meselelere aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny alyp barýar. Döwletimiz halkara ynsanperwer guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek hem-de migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça netijeli çäreleri görmek bilen dünýä bileleşiginiň işine ýardam berýär.