TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ YNSANPERWERLIK UGRY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etdirilýär.

Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar ynsanperwerlik temasyny ara alyp maslhatlaşdylar. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen adam hukulary meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de bu ugurdaky açyk gepleşikleri goldaýar.

Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak ugrundaky döwletde alnyp barylýan çäreler barada jikme-jik aýdyp geçdi. Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlykda we halkara zähmet kadalaryna laýyklykda zähmet ulgamynda hukuklaryň berjaý edilmegine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň din azatlygyny we beýleki adam hukuklaryny üpjün etmekdäki amaly tejribeleri barada nygtaldy. Ýurtda geçirilýän durmuş-ykdysady we hukuk özgertmelerine mysallar getirildi. Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy ugrundaky Türkmenistanyň halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda, adam söwdasyna garşy göreşmek işindäki halkara we sebit düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda bilim we medeni gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-taryhy mirasyň desgalarynyň goranyp saklanmagy we rejeli ulanylmagy bilen bagly pikir alyşdylar.