«TÜRKMENISTAN – ABŞ» IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda onlaýn görnüşinde «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpillar», «Oxbow», «S2Global», «Visa», «Boeing» we bevleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Ştatlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Ol köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada belläp geçdi.
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ilerledilmegindäki ähmiýeti agzaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredilen bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrüldi.
Geňeşiň mejlisleri her ýyl Aşgabat şäherinde ýa-da ABŞ-nyň şäherlerinde geçirilýär. Işewürlik geňeşi birnäçe gezek iri işewürlik maslahatlaryň we sergileriň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Olaryň dowamynda abraýly amerikan öndürijileriniň önümleri, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalary görkezildi. Ilkinji ýyllarda bu maslahatlara 60-a golaý amerikan kompaniýalary gatnaşypdy. Soňky tapgyrlarda bolsa bu çärelere 100-den gowrak amerikan telekeçilik düzümleri gatnaşdy.
Şu günki mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn duşuşyklary geçirildi.