AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýetleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada bellenildi.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirjisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Bu taslamanyň sebitiň ykdysady integrasiýasyna oňyn täsir etmäge we ýewraziýa giňişliginde durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydy barada nygtalyp geçildi. “Demirgazyk–Günorta” demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dowam edýän taslamalaryň amala aşyrylyşyna seredip geçdiler we geljekki ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassykladylar.