TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: GDA ÝURTLARYNYŇ ÇÄKLERI YKLYM DEREJESINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MAGISTRAL ÝOLLARYNA ÖWRÜLIP BILER
Şu gün, 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine baha berip, onuň ösdürilmegi ugrunda birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi.
Prezident 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyna esaslanýan GDA-nyň 2030 ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ähmiýetini nygtady.
Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Türkmen döwletiniň baştutany agzalan geljegi uly pudaklarda ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde GDA-nyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň zerurlygyny belläp geçdi. “Şunuň bilen birlikde, GDA ýurtlarynyň çäkleri yklym derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň magistral ýollaryna, sözüň giň manysynda bolsa Ýewropa – Aziýa zolaklaryny birleşdiriji seplere öwrülip biler” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle-de döwlet baştutany ýakynda ýerleşýän ýurtlary we sebitleri bilelikdäki taslamalara integrirlemek arkaly GDA-nyň ykdysady mümkinçiliklerini Arkalaşygyň çäginiň daşyna ýetirmegiň derwaýyslygyny nygtady. Hususan-da, döwrüň talaplaryna laýyklykda ulag-üstaşyr infrastrukturasyny döretmek, energiýa göterijileriniň üpjünçiligini kämilleşdirmek we giňeltmek, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa geçirijilerini gurmak barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Türkmenistanyň döwrebap söwda flotynyň mümkinçiliklerini ulanmak ýaly işler arkaly köptaraplaýyn logistika ulgamyny döretmek bilen bilelikde Hazar sebitiniň ähmiýeti nygtaldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, bilelikdaki uzak möhletleýin strategiýalary işläp taýýarlamakda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň we beýleki düzüm birlikleriniň işiniň wajyplygyny belläp, Hazar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi. Ol şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň konseptual esaslarynyň geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda ýola goýlandygyny belledi.
Söwda we öndürijilik ulgamynda, serhet we sebitleýin hyzmatdaşlygynda durnukly ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtalyp geçildi.