OWGANYSTANYŇ MILLI YSLAM HEREKETI PARTIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilýändigini nygtap geçdiler.

A.R.Dostum sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleriniň sebitleýin meseleleri çözmekdäki ornuny pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belledi.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda Owganystanyň we umuman sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen infrastruktura taslamalarynyň ýerine ýetirilşiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Iki tarapyň hem energetika, ulag we beýleki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de howpsuzlyga we durnuklylyga howp salýan wehimler bilen göreşmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklary beýan edildi.