TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝAPON BANKYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri bellenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodynyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodynyň durmuşa geçirilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle-de ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi.
Mundan başga-da, taraplar dowam edýän taslamalar bilen bir hatarda gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşyldar.Hyzmatdaşlygyň hukuk binýdynyň pugtalandyrylmagy barada gürrüň edip, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamanyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Hyzmatdaşlygyň indiki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.