Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparyň ilkinji mejlisidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak ulgamyny türkmen ykdysadyýetinde ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ony durmuşa geçirmek üçin bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk düzgünleşdirilmegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda” kabul eden Kararyny sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerini döretmek üçin möhüm çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine ýardam bermek bu toparyň wezipesi bolup durýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň başynda bu toparyň birinji mejlisi geçirildi, onuň dowamynda, ilkinji nobatda, ýerine ýetirilmeli işler bellenildi. Jogapkär adamlar kesgitlenildi.

Şu gezekki mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara-kärhanalaryň wekilleri, IT meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň Düzgünnamasyna hem-de düzümine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny mejlise gatnaşyjylara hödürledi, bu ulgam elektron hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda «e.gov.tm» bellige almak kadalary berjaý edilenden soňra şeýle elýeterlilik üpjün edilýär.

Mundan başga-da, iş toparynyň mejlisinde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna we PEHU beýleki gatnaşyjy raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän maglumat ulgamynyň taslamasy hödürlendi.

Onlaýn mejlise gatnaşyjylar sanly ulgama geçmegi üstünlikli üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar, şol sanda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça çäreleriň üznüksiz hem-de yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, elektron görnüşli hyzmatlary giňden saýlap almak mümkinçiligi raýatlarymyzy goşmaça hem-de üznüksiz bilim almaga, aralykdan okatmagyň usullary arkaly hünär derejelerini ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam mümkinçiliklerini doly açmaga we ykdysadyýete hem-de beýleki ulgamlara jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine innowasiýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik berer.