Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.
Halk arasynda kyrkçille diýlip atlandyrylýan gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sowuk howa bilen ýagyn utgaşykly gelýär. Topraga düşen galyň gar geljek ýylda däneden bol hasyl alynjakdygyny aýdyň edýär. Tejribeli daýhanlaryň belleýişleri ýaly, gyşda ýagan gar toprak üçin ýakymly bolup durýar. Diýmek, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyna garaşybermeli.
Milli Liderimiz dynç günleri boş wagtlarynda sport maşklaryny ýerine ýetirmegi we tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.
Bu künjegiň gyş paslynyň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşyp, onuň tämiz howasy, tutuş giňişligi gurşap alan aklyk, dag etekleriniň gözelligi adama güýç-kuwwat berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu töwereklerini synlap, agtygyna tebigatyň gudraty güýçli, onuň egsilmez baýlygy we tebigatyň adamlar bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi.
Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Bu şekiller uzak wagtlap ýatda galar, sebäbi Türkmenistanda garyň şeýle galyň düşmegi seýrek hasaplanylýar. Şeýle hem göwün göteriji aklygyň täze ýylyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzy gurşap almagy abadançylygyň we bolçulygyň baş nyşany hasaplanylýar. Şeýle hem bu görnüşler çagalar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Olar üçin gar üstünde oýnamak, dürli şekilleri döretmek tapylgysyz güýmenje bolup durýar.
− Şu ýyl garyň galyň düşmegi dag eteklerinde we sähralalarda öri meýdanlaryň sonarly bolmagynyň, miweli baglaryň we ekerançylyk meýdanlarynyň ýokary hasyllylygynyň esasy şerti hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.
Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ony goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassaçylygy adamlaryň saglygynyň kepili we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Munuň özi ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny goramak bilen baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde gözýetime çenli uzap gidýän tokaý zolaklary emele geldi.
Şu günler dag eteklerindäki arçalardan, serwilerden we beýleki saýaly agaçlardan ybarat bolan tokaýlyklar tutuşlygyna ak dona bürendi. Bu görnüşler golaýlap gelýän Täze ýylyň şatlygyndan we ajaýyplyklaryndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşleri açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.
Aşakda ýaýlyp ýatan düzlük eliň aýasynda ýaly görünýär. Bu ajaýyp göze ýakymly görnüş ruhuňy göterip kalbyňy joşdurýar. Tebigatyň ak gara bürenen bu künjegi gözellige gözellik goşýar.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ägirt uly ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da, dag eteklerinde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edendigi barada agtygyna gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabatda amatly ekologiýa şertleri bar, olar yzygiderli geçirilýän bag ekmek çäreleriniň netijesinde has-da gowulanýar. Aşgabadyň günorta böleginde, dag eteklerinde pürli agaçlaryň tokaýy giňelýär, ösüp-örňeýär. Häzir olar ak dona bürenip otyr, bu bolsa geljek ýylyň bereketli geljekdigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp boýunça her ýyl bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töwereginde gök guşak döredilip, ol şäheri tozanly şemallardan goraýar hem-de howanyň arassalygyny üpjün edýär hem-de bioköpdürlüligiň saklanmagyna hem-de köpeldilmegine ýardam edýär.
Köpetdagyň eteginde pürli we ýaprakly agaçlaryň ekilýän meýdanlaryň gerimi giňäp, guşlaryň, dürli, şol sanda seýrek gabat gelýän haýwanlaryň köp görnüşleri üçin ýaşaýyş meýdanyna öwrülýär. Bu ýagan gar bolsa diňe bir ajaýyp gyş görnüşlerini döretmän, eýsem, baharyň ilkinji güneşleri astynda topragyň janlanmagy hem-de berekediň täze tapgyrynyň başlanmagy üçin ýeterlik nemi üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz bular barada agtygyna gürrüň berip, halkymyz elmydama mähriban Diýarymyzyň tebigatyna aýawly çemeleşýär, bu bolsa türkmenleriň ahlak ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip nygtady. Häzirki wagtda hem ata-babalarymyzyň mähriban topragymyzy söýmek we ol barada alada etmek hakyndaky bu parasatly ýörelgelerini nesilleriň arabaglanyşygynyň ýene bir halkasy bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan howany üýtgetmek boýunça şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň milli strategiýasynyň çäklerinde tebigaty goramak, biologiýa köpdürlüliligini we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hususan-da, halkara bileleşiginiň gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmak boýunça tagallalaryny goldap, ýurdumyz senagat pudagynda häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga yzygiderli geçýär.
... Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen Asma ýol boýunça gezenlenjini tamamlap hem-de onuň soňky duralgasynda düşüp, dag belentliklerinden tutuş gözýetimde ýaýbaňlanyp ýatan şäheri, gar bilen örtülen baýyrlary we jülgeleri synlady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, ähli welaýatlarda amatly gurşawy döretmek üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Tebigat barada alada etmek bilen, biz geljekki nesilleriň abadançylygyny maksat edinýäris.
Munuň özi bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň getirýän oňyn netijelerinden adamyň alan bähbidiniň diňe bir maddy ölçegler bilen kesgitlenilmeýändigine oňat göz ýetirýän jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabadyň we beýleki oba-şäherleriň töwereklerinde emele gelen ýaş tokaý zolaklary diňe bir ruhuňy hem-de kalbyňy götermek bilen çäklenmän, topragyň zaýalanmagynyň hem öňüni alýar, onuň çyglylygyny saklaýar.
Dünýäniň iň uly sähralyklarynyň biriniň ýerleşýän hem-de çöllüge mahsus howaly ýurdumyzda bu ugurda geçirilýän köpýyllyk işler özüniň oňat netijesini berýär we şunda tokaý zolaklaryny döretmegiň iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň täze ugurlary açylýar.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimizň başlangyjy boýunça derýalaryň hanalary tertibe getirildi hem-de arassalanyldy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazaryň kenary täze keşbe eýe boldy. Deňziň kenarynda bina edilýän ählii desgalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk şertlerine hökmany laýyk gelmegi milli Liderimiziň bildirýän baş talaplarynyň biridir. Deňiz şypahanasynda tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň we seýil baglarynyň döredilmegine ilkinji derejede ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň hem-de halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa hasap edilýär. Munuň özi bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netijesidir.
Merkezi Garagumda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gözegçilik etmeginde ynsan eli bilen döredilen, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän sähra giňişliklerinde peýda bolan “Altyn asyr” türkmen kölüniň gurluşygy dowam edýär. Möçberleri boýunça görlüp-eşidilmedik bu taslama Türkmenistan üçin hem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir biziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir eder.
Soňky döwürlerde bu sährada, şol sanda “Altyn asyr” türkmen kölüniň töwereginde köp sanly ösümlikler − ojar, gandym, beýleki gyrymsy ösümlikler oturdyldy, olar çägeleriň süýşmeginiň öňüni alýar, netijede bu künjekleriň keşbi düýpgöter özgerdi.
Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady ýagdaýy sagdynlaşdyrmak boýunça hem toplumlýayn çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň çägindäki Garygamyş kölüniň kenaryndaky Botendag belentliginde 20 müň gektar meýdanda tokaý zolaklaryny döretmegiň ägirt uly taslamasy amala aşyrylýar. Bular adamlaryň sagdyn durmuşy üçin degişli şertleriň döredilmegine gönükdirilen yzygiderli çäreleriň diňe bir bölegidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli halkara forumlarynda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda öňe süren başlangyçlary hem şeýle möhüm wezipäniň çözgüdine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar hem-de bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin binýat bolup hyzmat edýär.
Ekologiýa bu ulgamynda hyzmatdaşlyk bu babatda netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenleriň bütin taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty − Garagum sähralyklary hem-de bereketli gülläp ösýän ekerançylyk meýdanlary, Köpetdagyň belent gerişleri we gojaman Hazaryň kenarlary bilen baglanyşyklydyr. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri ene topraga çäksiz söýgi bilen garaýar, ony alada bilen gurşap alsaň, rysgal-bereket getirjekdigine berk ynanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň alymlary hem ykdysady we senagat pudaklary bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermelidirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ekinleri we baglary suwarmagyň iň häzirki zaman suw tygşytlaýjy, netijeli damjaly usullarynyň peýdalanylmalydygyna hemişe ünsi çekýär.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň hemişelik aladalary netijesinde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Işden boş wagtlarynda ajaýyp jülgeler, dag belentlikleri boýunça gezedenç etmek, bedenterbiýew we sport bilen meşgullanmak ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen halkymyzy, esasan-da, ýaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň eýermäge ruhlandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Watanymyzyň ähli künjeklerinde sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegini höweslendirýär.
Bularyň ählisi milli Liderimiziň iş ýüzünde görkezişi ýaly, ylmy taýdan oýlanyşykly çemeleşilmegi bilen ýurdumyzda täsin tebigy mirasyny gorap saklamak meseleleri bir bitewi toplumda üstünlikli çözülýär hem-de örän möhüm durmuş wezipeleri esasynda giň gerimli ykdysady çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň abadançylygy, adamlaryň saglygynyň sport bilen meşgullanmak, işjeň dynç almak hem-de tebigat bilen sazlaşykda berkidilmegi baradaky alada üýtgewsizligine galýar.
Gar bilen örtülen ajaýyp dag belentliklerini synlamak, onuň arassa howasyndan dem almak adam kalbyny ruhlandyrýar! Sebäbi ýene birnäçe günden garlar eräp şeýle şeýle görnüşden nam-nyşan galmazlygy mümkindir.
Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meňzeş şekili döretdi.
Çaga kalbynda bagtly pursatlary we ýakymly duýgulary emele getirýän gar adamy türkmenleriň hemişe ak zady arassalygyň we belent ynamyň nyşany hökmünde kabul edilýändigi bilen baganyşykly ruhubelentligi we iň ýagşy, hoşgylaw duýgulary we umytlary alamatlandyrýar.
Milli Liderimiziň agtygy Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady. Başlan işini ahyryna çenli ýetirmegi öz durmuş filosofiýasyna öwüren hormatly Prezidentiimz bolsa gar adamyň keşbine jemleýji üýtgetmeleri girizdi.
Bu ajaýyp gyş güni döwlet Baştutanymyz agtygyna mähriban topragymyz, onuň aýratynlyklary, türkmen tebigaty barada ençeme gyzykly zatlary gürrüň berdi. Milli Liderimiz agtygy bilen amala aşyran gezelenji nesilleriň dowamatlylygynyň, kakalaryň we atalaryň, atalaryň we agtyklaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dowamatlylyk ýörelgeleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.
Şeýlelikde, garlyk giňişlikler we Köpetdagyň etegindäki baýyrlar boýunça gezelenji tamamlap, ata bilen agtyk bu ajaýyp ýerlerde ugradylar.
Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi şäher ýaşaýjylary, esasan-da, körpeler üçin täsin pursatlary döredýän adamlaryň zähmetine berilýän mynasyp bahadyr. Asma ýoluň işgärleri öz zähmetine berlen ýokary baha netijeli işlemek üçin döredilýän ajaýyp şertler, täze ýyl sowgatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar geljekde hem güýç-gaýratlaryny gaýgyrman, ilata ýokary derejeli hyzmat etjekdiklerine söz berdiler.
Bu pursatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň adam hakyndaky yzygiderli aladasynyň, ýurdumyzyň Täze ýyl baýramyna nähili taýýarlanýandygynyň hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öň ýanynda ençeme ajaýyp pursatlaryň garaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.