Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.

Milli Liderimizrussiýaly diplomat bilen salamlaşyp, soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde – Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bellemegiň oňat tejribä öwrülendigini belledi. Ýöne, şu ýyl, çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, duşuşyk täze görnüşde geçirilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere ähli gowulyklary, berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat, maşgala abadançylygyny we hoşniýetlilik arzuw etdi.

“Goý, Täze, 2021-nji ýyl siziň üçin parahatçylyga we abadançylyga beslensin!” diýip, döwlet Baştutanymyz tüýs ýürekden arzuw etdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu babatda goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Olar bilen gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi gazanyldy. Biz bu döwletler bilen dürli ugurlar boýunça açyk hem-de netiejli gatnaşyklary saklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün edýän ýurtlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan dünýäde okgunly ösýän ykdysadyýetli, maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly döwlet hökmünde bellidir.

Biziň ýurdumyz içerki durnuklylyk we syýasy ulgamyň berkligi, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrýandygy bilen tapawutlanýar. Biziň halkara giňişliginde eýeleýän ygtybarly ornumyz, dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklarymyz hut şular bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu günki ýagdaýa görä, Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýan we halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.

Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy hereket edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň özünde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň hem-de halkara guramlaryň wekilhanalarynyň 46-sy işleýär.

Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ýaragsyzlanmak işini amala aşyrmak, bar bolan dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly syýasy serişdeler arkaly çözmegiň, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaş daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlaryny aýratyn bellemek gerek.

Şol bir wagtyň özünde Orta we Ýakyn Gündogaryň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýewropa we Amerika yklymlarynyň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hem Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky döwürde Afrika döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi we beýelkiler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly guramalarda Türkmenistan assosirlenen agzanyň derejesine eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowsözüni dowam etdi.

Wideoduşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň adamzadyň öňe gitmegini we ösmegini üpjün etmäge, adamlaryň ýaaşýyş-durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ählumumy ykdysady we durmuş taýdan ösüş, adamyň döredijilik kuwwatyny doly açmak hem-de onuň hukuklaryny we esasy azatlyklaryny höweslendirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen işine işjeň gatnaşmagy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýar.

Gysga döwrüň içinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň, energiýa howpsuzlygynyň, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Kararnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly BerdimuhamedowTürkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanayşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul edendigini ýatladyp, pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletleriň ýolbaşçylaryna şeýle möhüm resminamany kabul etmekde beren goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň bu başlangyjy Türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine durmuşa geçirýän daşary sysasy ugrunyň dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistan mundan beýläk-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz duaýýene we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň hemmesine netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge we pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daşary ýurtly diplomatlaryň ählisini ýene-de bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagt hem-de ähli başlangyçlarda üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady.

Duaýýeniň belleýşi ýaly, Türkmenistandaky diplomatik düzüm döwlet Baştutanymyzyň onuň işine örän ünsli we hormat goýmak bilen garaýandygyna ýokary baha berýär. Hut şeýle özara hormat goýmagyň esasynda Türkmenistanyň diňe bir Russiýa Federasiýasy bilen däl, eýsem, beýleki köpsanly ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri gazanylýar diýip, ilçi aýtdy we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bu sözleri tassyklap biljekdigini belledi.

Geçip barýan ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyl boldy: ol hemişelik we oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny mynasyp bellän ýurduň taryhynda möhüm tapgyra beslendi diýip, diplomat nygtady.

Duaýýen bu hukuk ýagdaýynyň umumydünýä goşulyşmak işine köptaraplaýyn täsir edýändigini nygtap, dünýä bu gün türkmen bitaraplygynyňgüýçli we işjeň garaýyşdygyna, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli guralydygyna göz ýetirýär diýip belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bitraplyk syýasaty sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi, beýleki döwletleriň parahatçylykly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi diýip, ilçi nygtady.

Diplomatyň bellemegine görä, şu ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamada we pugtalandyrmada hem-de durnukly ösüş işindebitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Bitaraplygyň dostlary toparynyňdöredilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň saýlap alan ýoluny goldaýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat meseleleri boýunça eden çykyşlarynda dünýä giňişliginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi. Türkmen Lideriniň diplomatik edaralaryň öňünde goýan wezipleriniň üstünlikli çözülmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga we pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Energetika, ulag, ekologiýa, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil halkara başlangyçlaryň ilerledilmegi şolaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Täze, 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edimeginiň aýratyn manysy bardyr.

“Ýetip gelýän ýylda Siz Türkmenistanyň Hökümetiniň öňünde täze uly wezipeleri goýduňyz. BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlary bilen baglylykda, şol wezipleriň çözülmegi ýurduňyzy ösüşiň nobatdaky tapgyryna, senagatlaşdyrmagyň, maglumatlaşdyrmagyň, durnukly ösüşiň täze sepgitlerine çykarmalydyr” diýip, A.Blohin döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy.

Geljek ýyl Garaşsyzlyga eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer. Türkmenistanlylar şol ýyllarda gazanylan üstünliklere, eziz Watanyna buýsanmaga haklydyr diýip, daşary ýurtly diplomat belledi hem-de geljek 2021-nji ýyl üçin bellenen meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

“Russiýanyň ilçisi hökmünde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan russiýa-türkmen gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň netijesinde, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek başartdy” diýip, A.Blohin sözüniň ahyrynda aýtdy.

Russiýaly ilçi diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde Täze ýyl gutlagy bilen çykyş etmek mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, bagt we abadançylyk arzuw etdi hem-de “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiz tüýs ýürekden çykýan arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki şeýle görnüşdäki duşuşyga şatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dostlukly halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, duaýýeni hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän baýram bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

“Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.