Türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Federasiýa Geňeşiniň spikeri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmenistanlylara türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň şu ýyl 25 ýyllyk senesi giňden bellenilip geçilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nygtap, Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki zaman dünýä gatnaşyklaryndaky ägirt uly ornuny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygy hem-de hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň daşary syýasy strategiýasynyň baş ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi.
W.Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň parlamentleriň derejesindäki aragatnaşyklary ösdürmäge berýän ägirt uly ähmiýeti netijesinde, bu gün GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň çäklerinde özara ýakyn gatnaşyklar amala aşyrylýar.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak barada pikir aýtdylar hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.
Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy hem-de wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlamentleriň dostluk toparlarynyň ornuny nygtap, iki dostlukly ýurduň deputatlar toparlarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramagyň zerurdygyny bellediler.