Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we bilelikdäki işde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Iki ýurduň Liderleri ikitataplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Şunda abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamzadyň giň çäkleri gurşap alan, köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna täsir edýän örän çynlakaý wehim bilen ýüzbe-ýüz bolandygyna garamazdan, Özbegistanyň Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen meýilleşdirilen çäreleriň köpüsini mynasyp derejede geçirendigini belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň türkmen Lideriniň GDA ýurtlarynyň syýasy-hukuk, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, sebitleýin hyzmatdaşlygy täze hil derejesine çykarmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini nygtady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky, senagat pudagyndaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky, obasenagat toplumyndaky hem-de beýleki birnäçe ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki giň mçöberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, mundan beýläk göni aragatnaşyklary hem-de alyşmalar höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Döwletara esasda, şol sanda işewürlik we medeni ugurlarda bilelikdäki çäreleri hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde duşuşyklary geçirmek boýunça meýilnamalara seredildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geljek ýylda nobatdaky duşuşygyna taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň taryhy-medeni umumylyga, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygynyň geljekde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýene bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.