Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.
Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň öňe ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de Türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi.
Bu strategiýanyň baş mazmuny ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi nazara alnyp işlenilip taýýarlanylan, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan hem-de alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrumyzdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu doktrinadan ugur alyp, döwletimiziň Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de yzygiderli berkitjekdigini, harbylaryň durmuşynyň, gullugynyň we dynç almagynyň şertlerini gowulandyrmak üçin hemme zerur çäreleri görüp, olaryň şahsy düzümi barada hemişe alada etjekdigini nygtady.
Şol bir wagtda döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby düzgün-tertibiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny, söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmak we ýaş harby gullukçylary mukaddes raýat we harby borja wepalylyk ruhunda watançylyk taýdan terbiýelemek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi talap etdi.
Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-de şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň belleniljek şanly 30 ýyllyk senesini mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmäge başlamagy tabşyrdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmagyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýewe söz berildi. Ol geçen ýyl IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berip, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny saklamak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreleriň üstünde aýratyn durup geçdi.
Ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek we awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek, boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň üstünde durup geçip, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, şol sanda ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdi hem-de IIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipe ýüklenilen, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem serhet galalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçen ýyl görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Watanymyzyň gury ýer we deňiz serhetleriniň eldegrilmesizligini, harby düzgün-tertibiň berjaý edilişine berk gözegçiligi mundan beýläk-de üpjün etmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Watanymyzyň merdana goragçylarynyň üstüne örän uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini nygtap, olaryň öz harby borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýokary eserdeňligi berjaý etmelidiklerini nygtady. Şunda Türkmenistanyň döwlet serhediniň serhetdeş döwletlerimiziň ählisi bilen dostluk serhedi bolandygyny we hemişe şeýle bolmagynda galmalydygyny ýatda saklamak möhümdir, şol döwletler bilen biziň ýurdumyzy gadymdan bäri ýakyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew 2020-nji ýylda milli kazyýet ulgamyny has-da ösdürmek, täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara alyp, dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýewe ýüzlendi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin oňa «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mejlis bilen ylalaşyp, G. Hallyýewiň başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi hem-de oňa ikinji hünär derejesi berildi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýewiň hasabaty diňlenildi. Ol geçen ýyl alnyp barlan işler, hususan-da, döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygyň berjaý edilişine amala aşyrylan gözegçilik, hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän köptaraply işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň geçirilýän işleriniň möhümdigi barada aýdyp, olaryň işleriniň täze taryhy eýýamyň hem-de adam, onuň bagtyýarlygy we abadançylygy iň möhüm gymmatlyk bolup durýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň beýik maksatlaryna we wezipelerine kybap gelmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýetinde parahatçylygyň we jebisligiň binýady bolup hyzmat edýän kanunçylygyň we düzgün-tertibiň goragynda durmaly işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak boýunça işleri ykjam geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda resminamalara gol çekildi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Türkmenistanda durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk-tertibini saklamak boýunça geçen ýyl MHM-nyň amala aşyran işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, Watanymyzyň ykdysady we ruhy rowaçlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýan türkmen jemgyýetiniň asuda, döredijilikli durmuşynyň, milletiň agzybirliginiň we jebisliginiň sütünlerini has-da berkitmegiň möhümdigini belledi.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol kanunlar berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ygtybarly esas bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk özgertmelerini has-da ilerletmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Olaryň çäklerinde milli kanunçylyk binýady halkara hukugynyň kadalaryna kybap getirilýär.
Şu günki günüň talaby hereket edýän kanunçylygy düşündirmekden hem-de raýatlara maslahatlary bermek arkaly hukuk kömegini etmek babatda ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow döwlet Baştutanymyza geçen ýyl ýerine ýetirilen işler, hususan-da, gullugyň işgärleriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, migrasiýa gullugynyň alyp barýan, Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde möhüm orun eýeleýän işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy, şeýle hem dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, gümrük nokatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli döwürde amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini, ilatyň saglygyny we abadançylygyny goramak işinde gümrük gullugynyň işgärleriniň goşandyny belläp, geljekde hem gümrük hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, serhetden geçýän ähli harytlary we ýükleri dessin we ykjam gözden geçirilmegini üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow çykyş edip, geçen 2020-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işiniň netijeleri hem-de milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini üstünlikli ilerletmekde möhüm orun eýeleýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň köpugurly işleri barada umumy hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýene-de bir gezek Harby doktrinanyň goranyş häsiýetine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, doktrina diňe milli howpsuzlygyň berkidilmegini hem-de türkmen halkynyň döredijilikli we abadan durmuşynyň goragynda duran goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmagy ugur edinýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Bedimuhamedowyň belleýşi ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty yzygiderli geçirýän Garaşsyz Türkmenistan döwletara gatnaşyklarynda özara ynanyşmak we hormatlamak ugrunda çykyş edýär.
Şol bir wagtyň özünde şu günüň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap goranyş ulgamyny kemala getirmegiň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu maksatlar üçin şu ýylda milli goşunymyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça işler dowam etdiriler.
Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem harby reformanyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar diýip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.