TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny - “Akina – Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi. 

Çärä ministrler, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçileri, şeýle hem 15 ýurtdan 30-dan gowrak daşary ýurt KHBS-niň wekilleri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu çärä gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy bu taslamalary Owganystany sebitleýin we halkara ykdysady prosesslere yzygiderli birikdirmäge, bu ýurdy kontinental ulag-logistika aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmaga ugrukdyrylan amaly ädimler hökmünde häsiýetlendirdi. Ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we mümkinçilikleri, sebitde umumy geoykdysady we syýasy ýagdaýa oňyn täsiri bilen baglylykda olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyplygy barada bellenip geçildi. 

R.Meredow öz çykyşynyň dowamynda, öz geoykdysady we geosyýasy ähmiýetliligi bilen sebit çäklerinden çykmak bilen, Türkmenistanda we Owganystanda infrastruktura desgalarynyň gurulmagynyň türkmen we owgan çäklerinde Merkezi we Günorta Aziýany Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen birikdirýän ulag-kommunikasiýa aragatnaşygynyň hem-de kontinental derejede energiýa üpjünçiliginiň täze zolagynynyň emele getirýändigini aňladýandygy hakynda belledi. Bu bolsa, öz gezeginde, durnukly ösüş ulgamynyň ulag we energetika pudaklarynda  Türkmenistanyň BMG-de çykyş edýän halkara başlangyçlarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilişini aňladýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, serhetara demir ýol menzilleriniň, köprüleriň, goňşy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda elektrik geçirijileriň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň gurluşygy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň işe girizilmegi boýunça işler mysal hökmünde getirildi.   

Şunuň bilen baglylykda, brifingiň dowamynda halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada bellenip geçildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri köptaraplaýyn gyzyklanmalaryň birikdirilmegi, hyzmatdaşlaryň ulag we energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ymtylmagy barada aýtdy. Bu bolsa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly birnäçe integrasiýa birleşmeleriniň agzalan taslamalaryna goşulyşmak üçin şert döredýär. R.Meredowyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn türkmen-owgan infrastruktura taslamalaryna sebit döwletlerini, goňşy döwletleri we beýleki döwletleri birleşdirýän hem-de Ýewraziýada toplumlaýyn kontinental hyzmatdaşlyk ulgamyny emele getirmäge gönükdirilen giň geoykdysady giňişligi döretmek boýunça has uly meýilnamanyň esasy bölegi hökmünde garamaly.      

Daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygynyň bir bitewi uzakmöhletleýin döwlet strategiýasyny düzýän hem-de bu ýurda toplumlaýyn syýasy-diplomatik we ykdysady kömegi bermäge gönükdirilen pozisiýasynyň üýtgewsizdigini tassyklady. R.Meredowyň nygtaýşyna görä, şular ýaly hyzmatdaşlygyň esasynda – iki doganlyk halklaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk taryhy däplerine bolan direg; Owganystanyň sebit we kontinental durnuklylygyň, howpsuzlygyň aýrylmaz we wajyp bölegi bolup durýanlygy; owgan halkynyň we ýolbaşçylarynyň kynçylyklary ýeňip geçmek hem-de ýurtda parahatçylyga, ylalaşyga, onuň ykdysady ösüşine ýetmek ukybyna bolan berk ynamy dur.     

Şeýle-de brifingde Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Ahmad Tarik Nurzade, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu dagylar çykyş etdiler.

Brifingde çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirilen bu başlangyçlarynyň elektrik energiýasynyň eksport möçberleriniň artmagyna we geografiýasynyň ulalmagyna, tutuş sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berjekdigi barada bellediler. Şeýle-de, bu taslamalaryň işe girizilmeginiň iki ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň energetika we kommunikasiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklaryna, häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berjekdigi barada bellenip geçildi.

Brifingiň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri daşary ýurt habarlar agentlikleriniň, hususan-da «News Central Asia» (Pakistan),  «TRT» (Türkiýe) we «Agence France Press» (Fransiýa) wekilleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.