TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI LAPIS LAZULI GEÇELGESI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ “ÝOL KARTASYNY” YLALAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini  işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi.  

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Mustafaýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi dagylar gatnaşdylar.   

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bu formatda hyzmatdaşlyk etmegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar we geçen döwürde amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar. Şu ýyl üçin meýilleşdirilýän özara hereketler boýunça pikir alşyldy.        

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Lapis Lazuli geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyna” gol çekdiler.  

Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Türkiýe Respublikasy we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekilendigini nygtamak zerurdyr. Sebitleýin ykdysady integrasiýanyň ilerledilmegi bu formatda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy maksatlarynyň biri hem bolup durýar.